2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylda Mary welaýatynyň Mary etrap Bagşylar öýünde, medeniýet işgärleri we oba ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nursähet Halsähedowyň 140 ýyllygyna bagyşlanan Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi geçirildi.
Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nursähet Halsähedowyň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu aýdym-sazly dabara mynasybetli Mary etrap Bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Toýly Öwezow, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni mirasyny, milli ruhy gymmatlyklaryny toplamakda, onuň gymmatyny bilmekde we gorap saklamakda, şeýle hem geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmekde alnyp barylýan möhüm işlere, döredilýän mümkinçiliklere minnetdarlygyny bildirip, çykyş etdi.
Dabaraly çäräniň dowamynda Nursähet Halsähedowyň dogan-garyndaşlary çykyş edip, onuň ömri we döredijiligi barada, sungat ýoly bilen baglanyşykly ýatlamalary dogrusynda gyzykly gürrüňler berdiler.
Aýdym-sazly dabaraly çäräniň ahyrynda Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçesiniň 15-nji çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Bazar Annagurbanow, Bahar Hallyýewanyň ýolbaşçylygyndaky Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesindäki çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar topary, Mary etrap Medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Wepa Atdaýew, Türkmengala etrap Bagşylar öýüniň müdiri Şatlyk Çarwaýew, Murgap etrabynyň bagşylar öýüniň bagşysy Atamyrat Hallyýew, Mary etrabynyň bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy Toýly Öwezow dagylar täsirli çykyş etdiler.