Eziz Watanymyzda eşretli zamanamyzda bagtyýar ýaşlara hünär öwredip terbiýe berýän ençeme halypa mugallymlar üstünlikli zähmet çekip, türkmen sungatynyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler.Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň halypa mugallymlaryna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy, şeýle hem bu gojaman mekdebiň esaslandyrylmagynyň 95 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri uly dabara bilen gowşuryldy.
Olaryň içinde öz ömrüni türkmen sungatyna bagyş eden Gaýrat medalynyň eýesi Lýudmila Muhaçýowa, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi Aýlar Öwezowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýna Öwezowa, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi Silapberdi Tüýliýew, Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Atageldi Sytdyhow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Durdyguly Annaýew, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti, Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk ýubileý medalynyň eýesi Aşyrmyrat Ýazmyradow, Larisa Amanowa, Bagdagül Hudakulyýewa, Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk ýubileý medalynyň eýesi Ninel Babaýans, Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Larisa Öwezowa, tans sungatynyň ussatlary Magtymguly Pyragy atly ýubileý medalynyň eýesi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurnabat Çaryýewa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Humaýewa ýaly ençeme halypalary agzap geçmek bolar.
Ussat halypa L.A.Muhaçýowa:
-Bu sylaglaryň diňe bir biziňki däl-de eýsem, tutuş mekdebimiziň üstünligi diýip düşünýärin.Sebäbi, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlara-da, halypalara-da uly sarpa goýulýar.Munuň netijesinde mekdebimizde häzirki döwürde konsertleriň, bäsleşikleriň, halypa-şägirt gatnaşyklarynyň, alkyşnamalaryň, okuw-terbiýeçilik işleriniň hözürini görüp, ýaş sazandalary döwrebap terbiýelemekde uly işler edilýändiginiň şaýady bolup gelýäris.
Biziň çekýän zähmetimize şeýle uly baha berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine we mekdebimiziň ýolbaşçysyna tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirýärin
-diýip, buýsançly belledi.
Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň saz sungatyny gülletmekde, ony dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden-belent ýaňlandy.