Halypa sargydy

Mähribanlyk duýgusy ynsan kalbynyň iň gymmatly hazynasy. Ol duýgyny saňa kim berip bilýär? Seniň eneň-ataň, ýakyn hossarlaryň, dogana öwrülip giden dostlaryň. Ýene bir ynsan seni hemişe ýakymly bir mähribanlyk bilen çoýýar. Ol seniň mugallymyň. Hawa, mugallym diýen belent atda, gör, näçe paýhas, ylym-bilim, akyl, mähribanlyk jemlenen.

Okuw otagy. Stoluň başynda oturan mugallym okuwçylar bilen tejribe sapagynda… Ol okuwçylarynyň her birini ilkinji gezek görýän ýaly birlaý gözden geçirip, sözüni dowam edýär.

Hawa, wagt diýlen zat çäklidir.Men ynsan ömri barada aýdýan.Siziň şu wagtky ýaşlyk döwrüňiz hem baky däldir. Şonuň üçin siz wagtyňyzy bisarpa ulanmaly dälsiňiz.Ynsanyň dünýä gelen güni wajypdyr.

Emma onuň bu jahana näme üçin gelendigine düşünen güni ondan-da wajypdyr.Hünär kämilligi sizden, köplenç, erjelligi, tutanýerliligi, täzeçilligi talap eder.Siz hemişe gözlegde bolmaly.Täze pikirler, täze garaýyşlar, her başlan işiňize täzeçe çemeleşmek siziň endigiňize öwrülmeli.

Talyplaryň arasyndan biri mugallyma sowal bilen ýüzlendi:

Eger başlan täzeligiň şowuna bolmasa… onda ýarpy ýoldan yzyňa gaýtmaly bolar-da, mugallym…

Näme üçin?Her bir gowy netijäni aňsatlyk bilen gazanyp bilerin öýtseňiz-ä ýalňyşýaňyz.Başlan işiňiz ugruna bolman hem biler.Eger başarnygyňa şübhäňiz bolsa-ha, onda, gowusy hiç bir işe başlamazlyk. Öňem bir danaň aýdan sözi bar: Eger siz bir zady başarýandyryn öýtseňiz, siz mamla.

Eger siz hiç zady başarmaýandyryn öýtseňiz hem siz mamla.Seniň özüňe ynamyň, eýýäm, ýoluň ýarsy!

Hawa, bu wakalar meniň gözümiň alnynda bolup geçipdi. Çünki ol ynsan bize aktýoryň ussatlygy sapagyndan tälim beren Türkmenistanyň kinematografiýa birleşiginiň agzasy, kinorežissýor, ssenariçi Öwlüýäguly Kulyýewdi.Pessaýdan gürläp, kalbyndaky çuň mähribanlyk duýgusyny bize öz çagalary ýaly eziz görýän talyplaryna siňdiren ol adam hakyndaky ýatlamalaryň özi hem gursagyma ýyly duýgy çaýýar.

Adam ykballaryny, häsiýetlerini açyp öwrenip, sahnada janlandyrmak üçin öz häsiýetleriňi, endikleriňi kämilleşdirmelidigi şol ýyllarda, şol sapaklarda aňymyza guýlupdy. Öwlüýäguly mugallymyň bize beren pentlerine, sargytlaryna özüniň wepaly bolup, kämil adam, kämil hünärmen bolanlygyny, mugallyma degişli bolan şu maglumatlar hem doly şaýatlyk edýär.

Halypa režissýoryň sungat älemindäki ilkinji ädimi 18 ýaşynda, Aşgabadyň Awtoulag ýollary tehnikumynda okaýan döwründe başlanýar.Ol tehnikumda okaýan wagtlary öz deň-duşlary bilen teatra spektakl görmäge gidýän eken.

Bir gün ol teatra oýun görmäge baranda, Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň aktýorlyk bölümi baradaky bildirişini okap, okuw synagyna gatnaşýar we ony üstünlikli tabşyryp, Moskwa okuwa gidýär. Öwlüýäguly Kulyýew 1950-1954-nji ýyllarda bu institutda aktýorlyk hünäri boýunça ýokary bilim alýar, onuň bilen bilelikde şol bölümi Türkmenistanyň belli sungat ussatlary Oraz Hajymyradow, Amangeldi Gurbandurdyýew, Myrat Gurbangylyjow, Setdar Garajaýew dagy tamamlaýarlar.

Ol 25 ýaşynda aktýorlyk hünärini ele alanyndan soň, ilki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda işleýär, soňra şol döwürlerde ýerlerde sungat ugry boýunça hünärmenleriň ýetmezçilik edýänligi sebäpli ony ýaş hünärmen aktýorlaryň arasyndan režissýor hökmünde saýlap, Çärjewiň (häzirki Türkmenabat şäheri) drama teatryna belleýärler. Şeýlelikde, onuň döredijilik çarhy günsaýyn aýlanyp ugraýar.

Öwlüýäguly Kulyýew 1956-1958-nji ýyllar aralygynda Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda baş režissýor bolup işleýär we milli hem daşary ýurt dramaturglarynyň birnäçe drama eserlerini sahnalaşdyrýar.Ol režissýorlyk hünäriniň inçe tilsimlerini öwrenmek maksady bilen 1959-1961-nji ýyllarda Moskwanyň A.W.

Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň režissýorlyk bölümine girip, ony üstünlikli tamamlaýar.Aşgabada dolanyp geleninden soň, 1961-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda Balsaýat we jadylanan Meleguş atly diplom spektaklyny sahnalaşdyrýar.

Bu spektaklda baş keşpleri şol wagtky ýaş aktýorlar Ýelizaweta Garaýewa, Oraz Çerkezow dagy ýerine ýetirýär.Netijede, onuň bu diplom işi tapawutlanan baha bilen kabul edilýär.

1962-nji ýylda ol Türkmen teleradio komitetiniň milli edebi-drama gepleşikler bölüminde işläp, birnäçe telespektakllary, dokumental filmleri döredýär.

1966-njy ýylda halypa režissýor Meret Atahanow Türkmenfilm kinostudiýasynda başlan Ýalynly furgonyň ýoly atly filmine ikinji režissýor hökmünde, Öwlüýäguly Kulyýewi çagyrýar.Belli aktýor Şükür Kulyýewiň kino sungatyna gelmeginde hem halypamyzyň goşandy uludyr.

Ol Ýalynly furgonyň ýoly filmindäki kiçiräk bir keşp üçin ussat artist gözlemän, Marynyň drama teatrynda işlän döwründe, tanyş bolan dosty Şükür Kulyýewe şol keşbi ynanýar.Bu filmden soň Şükür Kulyýew ýurdumyzyň tanymal kino artistleriniň hataryna goşulýar. Şol döwürlerde Öwlüýäguly Kulyýewiň özi hem režissýor Meret Atahanowyň filmlerinde kiçiräk keşpleri ýerine ýetirýär.

Soňra ol 1971-nji ýyla çenli türkmen telewideniýesinde baş režissýor bolup işleýär.Ol döwürler telegepleşikler, köplenç, göni ýaýlymda görkezilenligi sebäpli, Öwlüýäguly Kulyýew ýarygijä çenli studiýada bolup, her bir gepleşigiň bökdençsiz ýaýlyma berilmegini üpjün edipdir hem-de olaryň çeperçilik tarapyna jogap beripdir.

Öwlüýäguly Kulyýew Türkmenistanyň kino sungatynda we telewideniýesinde öçmejek yz galdyran zehinli režissýordyr.Türkmen telewideniýesinde işlän döwürleri çeper filmleri döretmegi maksat edinen režissýor 1970-nji ýylda Keçpelek filmini surata düşürende özüniň üýtgeşik zehinini, başarjaňlygyny we aýratyn ussatlygyny görkezýär.

Bu filmi ilkibaşda gysga metražly edip döretmek meýilleşdirilýär. Ýöne Öwlüýäguly Kulyýew ony doly metražly film etmek barada öz teklibini orta atýar. Şonda oňa diňe kinony döretmek maksady bilen goýberilen serişdäniň çäginde doly metražly filmi döretmäge rugsat berilýär. Şondan soň az serişde bilen doly metražly filmiň döredijilik işi başlap, esasy maksada ýetilýär.

Bu filmiň şowly çykmagynda, elbetde, kompozitor Nury Halmämmedowyň hem goşandy uludyr.Filmde Berdimyrat atly oba ýigidiniň ýerine ýetirmeli aýdymyny kompozitor Nury Halmämmedow birbada başga bir aýdymça ynanyp, onuň sesine görä hem saz ýazgylaryny taýýarlaýar.

Emma Öwlüýäguly Kulyýew filmde ýaňlanmaly aýdymlaryň äheňiniň ýeterlik derejede halky bolmalydygyny nazara alyp, özüniň gelen kararyny kompozitora aýan edýär.Ol telewideniýede ýaýlyma berilmeli çeper höwesjeňleriň çykyşyny taýýarlaýarka, Bäherden etrabynyň Ýarajy obasyndan gelen ýaş aýdymçy Annaberdi Atdanowyň mahmal owazynyň göwnünden turandygyny, onuň sesini filmde ulanmagyň talabalaýyk boljakdygyny ýaňzydýar. Ýöne Nury bu teklibiň ýerlikli däldigini, heniz simfoniki orkestrlerde çykyş edip görmedik, üstesine-de, nota bilmeýän ýaş aýdymçyny makul bilmeýändigini aýdýar.

Ol Nury Halmämmedowa her niçikde bolsa Annaberdi Atdanowy synap görmegi haýyş edýär.Nury dostunyň haýyşyny kabul edip, ýaş aýdymçyny ýanyna çagyrýar.Heniz roýalyň gapdalynda durup görmedik oba aýdymçysy Annaberdi Atdanow Sonam duran ýerlere aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Saz tamamlananda, Nury Halmämmedow roýalyň başyndan turup, ilki Annaberdi Atdanowy, soňra bolsa Öwlüýäguly Kulyýewi gujaklap:

Dost, bu duranja bir zehin eken! diýip, begenjine gygyrýar.

Şondan soň Annaberdi Atdanowy 200-den gowrak sazandaly simfoniki orkestriň sazandarlygynda ýazgy etmek üçin Moskwa alyp gidýärler.Orkestr saz çalmaga başlanda, Annaberdi Atdanowyň öz öňünde dikilen nota ýazgylaryna seretmän, Keçpelek aýdymyny birkemsiz ýerine ýetirişini synlan sazandalar haýran galyp, oňa Moestro diýşip, taýajyklary bilen saz gurallaryna kakýarlar.

Filmiň aýdymdyr sazy ýazga doly geçirilensoň, ony studiýada diňläp duran moskwaly saz ussatlary Öwlüýäguly Kulyýewden:

Bu sazlaryň awtory kimkä? diýip sorapdyrlar. Ol ýanynda duran Nurynyň egninde elini goýup:

Ine, bu meniň dostum! diýende, olar ýylgyryşyp:

Ýeri bolýala, oýun etmesene, bujagaz oglanam şunuň ýaly beýik mukamlary ýazarmy, hakyky awtorynyň adyny aýtsana? diýşipdirler, Öwlüýäguly ýene dostuna bakyp:

Bu türkmeniň täze dörän beýik kompozitory Nury Halmämmedow! diýip, olara ynamly jogap beripdir.

Keçpelek filmi surata düşürilýärkä, ussat artistler bilen bir hatarda ýönekeý adamlar hem döredijilik işine çekilipdir.Muňa mysal edip, filmdäki baş gahrymanlaryň biri Maralyň keşbini ýerine ýetiren Sara Hallyýewany belläp geçsek has ýerlikli bolar.

Meşhur artistler Baba Annanow, Annagül Annagulyýewa, Bäşim Gurbanow, Orazdurdy Hojaýew, Gurbannazar Atakgaýew dagy bilen bir hatarda şol döwürde heniz adykmadyk satiriki artist Tagan Saryýew, ýazyjy Täşli Gurbanow ýaly adamlaryň hem keşpleri filmiň şowly bolup çykmagyna aýgytly täsirini ýetiripdir.

Film kabul ediş toparyna tabşyrylanda, oňa ýokary baha berlipdir.Esasan hem, režissýor Alty Garlyýew türkmen kino sungatynda milli äheňleri hem-de ruhy gymmatlyklary sazlaşykly utgaşdyryp bilýän halypa kinorežissýoryň dörändigini buýsanç bilen belläpdir.

Elbetde, bu berlen ýokary bahalar Öwlüýäguly Kulyýewi täze, uly göwrümli çeper filmleri döretmäge ylham beripdir.

Halypa režissýor 1970-1983-nji ýyllar aralygynda Alty Garlyýew adyndaky Türkmenfilm kinostudiýasynyň Naýza satiriki kinožurnal bölüminiň baş režissýory bolup işleýär. Şol döwürde ol 240-dan gowrak satiriki kinožurnala režissýorlyk edýär.

Halypanyň bu işleriniň hemmesini jemleseň, göwrümi boýunça 30-dan gowrak çeper filmi döreden bilen deňdir.Onuň şol satiriki kinožurnallarynda meşhur kino we teatr artistleri Akmyrat Bäşimow, Baba Annanow, Hommat Müllük, Tagan Saryýew, Artyk Jallyýew, Şükür Kulyýew, Mälikguly Kepbanow, Ogultäç Hanyýewa we beýleki görnükli artistler çykyş edipdirler.

Öwlüýäguly Kulyýew döredijilik işini ýene-de Türkmen telewideniýesinde dowam etdirýär. Şol ýyllarda ol birnäçe film spektakllaryny döredýär.Olardan tomaşaçylaryň ýadynda galanlaryndan biri hem belli owgan ýazyjysy Sahyp Jemalyň Gara bägüller romany esasynda döredilen adybir film spektaklydyr.

Bu 80-nji ýyllaryň aýaklarynda döredilen ilkinji wideoşekilli film spektakldyr.Ol bu işe ussatlarça çemeleşip, ýurdumyzyň belli artistleriniň köpüsini döredijilik maksatlarynyň hatyrasyna keşpleri ýerine ýetirmäge çagyrýar.Halypa režissýoryň çakylygyna onuň egindeş ýoldaşlary, Türkmenistanyň halk artistleri Artyk Jallyýew, Ýelizaweta Garaýewa, Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Gurbannazar Atakgaýew, Juma Ýazmyradow, Abdylla Ýakubow, Oraz Çerkezow, Ogultäç Hanyýewa, Altyn Hojaýewa we beýleki türkmen artistleri seslenip, döredijilik maksatlary üçin zähmet siňdirýärler.

Öwlüýäguly Kulyýewiň egindeşleri onuň häsiýetini şir-peleňe deňäp, Lew Kuliýewiç diýip ýüzlenýän halatlary hem bolupdyr. Çünki ol özüniň ýokary adamkärçiligi, guramaçylygy, talapkärligi we ýiti zehini bilen kärdeşleriniň arasynda özüni aldyrypdyr.

Ol özüniň edep-terbiýesi, görüm-göreldesi bilen çagalaryny terbiýelärdi, olara durmuş menzilleriniň çylşyrymly öwrümlerini öwrederdi.Onuň perzentleriniň çagalyk döwri kino we teatr işgärleriniň arasynda geçýär.Halypa režissýor Keçpelek filmini, şeýle-de meşhur opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewa barada Saýra bilbil atly dokumental telefilmini surata düşürende, öz çagalaryny hem filmleriň käbir parçalaryna gatnaşdyrýar. Şeýlelikde, onuň çagalaryna filmde baş keşbi ýerine ýetiren meşhur aktýorlar Baba Annanow, Sabyr Ataýewa, filmiň sazyny ýazan kompozitor Nury Halmämmedow ýaly türkmeniň beýik sungat işgärleriniň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolmaga, kino sungatynyň inçe tilsimlerine syn etmäge, oňa düşünmäge mümkinçilik döreýär.

Öwlüýäguly Kulyýew 1992-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli, ýagny tä ömrüniň ahyryna çenli ilki Türkmenistanyň döwlet sungat institutynda, soňra bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutynda geljekki ýaş sungat işgärlerine aktýorlyk sungaty boýunça tälim berdi.

Hawa, biz Türkmen döwlet medeniýet institutynyň üçünji ýyl talyby wagtymyz Öwlüýäguly mugallym 67 ýaşynyň içinde aradan çykypdy.Hersi bir welaýatdan gelip, dogan ýaly bolan toparymyza bu aýralyk juda agyr degipdi.

Biziň bu mähriban ynsandan alan mährimiz henize çenli kalbymyzy ýyladyp dur.Ondan bäri näçe wagt geçenem bolsa, her gezek täze işe başlanymda, birden mugallymyň sesi gulagyma gelýär: Eger siz bir zady başarýandyryn öýtseňiz, siz mamla… Wagt diýlen zat çäklidir.

Hünär kämilligi sizden, köplenç, erjelligi, tutanýerliligi, täzeçilligi talap eder.Siz hemişe gözlegde bolmaly.Onsoň kalbyma dolýan mähribanlyk duýgusy bilen işe başlaýaryn…

Gülälek Akmyradowa,

Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahna ussady,Türkmenistanyň at gazanan artisti.

The post Halypa sargydy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Artyk ady bilen adygan
Ussat artist Baba Annanowyň doglan gününiň 90 ýyllygy
Mukama siňen ömür atly festiwal başlady
Aşgabatda Sazdaky durmuş konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Nury Halmämmedowa bagyşlanan konserti geçirildi
Aşgabatda Mukama siňen ömür atly festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi