Halypa-şägirtlik duşuşygy we aýdym-sazly çäresi geçirildi

Halypa-şägirtlik duşuşygy we aýdym-sazly çäresi geçirildi

Kalbymyza ruhanalyk çaýýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-watanymyz Türkmenistan ähli pudaklarda gün saýyn ösýär, özgerýär şol sanda medeniýetimizde hem sungatymyzda uly ösüşler gazanylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň açyp beren “Halypa şägirtlik ýolunda” hormatly Prezidentimiziň edýän çäksiz aladalary medeniýetimizi hem sungatymyzy ösdürmek şeýle hem kämilleşdirmek bilen bagly amala aşyrylýan bimöçber işleri medeniýet we sungat işgärlerine çäksiz joşgun eçilýar. 2023-nji ýyla Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýip atlandyrylmagy, ýurdumyzda ýaş nesillerimize uly sarpa goýmagy, şeýle hem olaryň okap bilim alyp, geljekde Watanymyzda halal zähmet çekýän, abraýly adamlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalaryň özeni bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar.Her bir günümiz, şanly senelere toý baýramlara şatlykly wakalara beslenýär.Ynha bu gün hem ýene bir şatlykly wakalaryň biri, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gökdepe etrap Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Halk artisti, Türkmenistanyň il ýaşulysy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymy, halypa Atageldi Garýagdyýew şeýle hem sazandasy Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Wladimir Sergeýewiç Mkrtumow Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplarynyň gatnaşmagynda özüniň ajaýyp aýdymlary, janly eserlerini öz şägirtleriniň arasynda ýerine ýetirdi, şeýle hem gyzykly wakalaryny, ýerine ýetirýän aýdymlarynyň goşgularynyň, sazlarynyň taryhy barada gatnaşan mugallymlar we talyplar bilen gyzykly söhbetdeşligini geçirdi.

Halypa mugallym Atageldi Garýagdyýewiň ýaşlyk ýyllarynda her bir döreden bu ajaýyp eserlerinde birnäçe ägirt kompozitorlarymyz Nury Halmämmedow, Daňatar Hydyrow, Daňatar Öwezow, Hydyr Allanurow, Baýramdurdy Hudaýnazarow ýaly meşhur kompozitorlaryň sazlaryna şeýle hem ýerine ýetiren aýdymlarynyň goşgularyny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, Gurbannazar Ezizow, Gara Seýitliýew, Sapar Öräýew, Annaberdi Agaberdiýew ýaly birnäçe nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine birnäçe ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Ýene degişli makalalar

Hasyl bolan arzuw
Türkmen milli konserwatoriýasynda Juzeppe Werdiniň doglan gününiň 210 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Aşgabatda Halkara jaz güni mynasybetli konsert geçirildi
Sahna belentligi
Prezidentiň täze aýdymy 'edebi ogurlyk' bolup bilermi?
Türkmeniň saýrak bilbili