HALYPA HORMATY BELENT

HALYPA HORMATY BELENT

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmäge saldamly goşant goşan halypalaryň sarpasy belentde tutulýar. Olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, ýadygär galdyran mirasy öwrenilýär we giňden wagyz edilýär.

Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ussat halypalarynyň biri hem Nazar bagadyr.Tirme aýdymlary aýtmak bilen bagşyçylyk sungatyna aralaşan bagşynyň türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmeginde hyzmaty uludyr.Bagşy dessançylyk sungatynyň hem ussady hökmünde tanalýar.

Dessanlary ýerine ýetirmegiň inçe tilsimlerini ele alan bagşy Görogly şadessanynyň birnäçe şahasyny, Hüýrlukga-Hemra, Şasenem-Garyp dessanlaryny ussatlyk bilen aýdar eken. 1939-njy ýylda dürli etraplardan gelen bagşylardyr sazandalara goşulyp, Moskwa şäherinde geçirilen oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş etmek bagty hem bu bagşa miýesser edipdir.

Nazar baganyň Nalyş, Yňdarma, Mekanym, Gyzyl donly ýaly ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary halk hakydasynda baky ýaşaýar.Golaýda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Dilewar oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi bilen Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda ussat bagşy Nazar baganyň ömri-döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi.

Dabarada bagşylar Guwanç Atdaýew, Oraz Baýarow, Wepa Nurmuhammedow, Nowruzguly Mätniýazow, gyjakçy Begenç Annaýew, suratkeş Merdan Kakabaýew dagylar çykyş edip, halypa bagşynyň ömür ýoly, ussatlyk mekdebi barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar dabaranyň täsirliligini has hem artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

ÇUWAL BAGŞY ADYN ALAN BAGŞY SEN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
MIRASYM MILLI HAZYNAM
Türkmeniň saýrak bilbili
Arkadag şäherinde Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi