Agata Ruhelman
Rus rewolýusiýasynyň ýüz ýyllygyna ýa-da tanymal ukrain skulptorynyň özboluşly proýektiniň 90 ýyllygyna.
1924-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Poltoraskide, W.I.Lenin bilen hoşlaşylan gün onuň ýadygärliginiň düýbi tutuldy. Adamlar meýletin-mejbury ýagdaýda öz aýlyklarynyň bir bölegini ýadygärligiň gurluşygyna geçirdiler, köp iş kommunistik ýowarlarda we ýekşenbelerde ýerine ýetirildi.
Ýadygärlik 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda şäheriň merkezinde bina edildi.Skulptor Ý.R.Tripolskaýa, arhitektor A.A.Karelin, keramist N.I.Nazarow. Ýadygärlik 1929-njy ýylyň 1-nji maýynda umumy görüş üçin gutarnykly açyldy.
Bu ýadygärlik Aşgabatda bolan ýer titremesinde hiç bir zyýan çekmezden, oňa tap geldi.Sowet döwründe onuň içinde muzeý ýerleşýärdi.Häzir ol Türkmenistanda medeni ýadygärlik hökmünde saklanýar.
Ýazmaklaryna görä, W.Iliçiň ýadygärligi üçin bürünji Baýramalydaky patyşa mülkünden aldylar, ol ýerden eretmek üçin bürünç toplary getirdiler.Heýkeliň skulptory Tripolskaýa W.Kozlowyň skulptura işini esas edinip aldy.Emma, birnäçe detal goşdy.
Ony emelsiz şertlerde guýdular, sebäbi ol wagt Poltaraskide (o mahal Aşgabat şeýle atlandyrylýardy) munuň üçin zerur bolan guýum önümçiligi ýokdy. Ýadygärligiň proýektiniň awtory Andreý Andreýwewiç Karelin boldy.Ol patyşa döwründe hem tanymal žiwopisçidi.
Bir ýyl şondan ozal Türkmenistan SSR-niň gerbiniň awtory bolupdy. Ýadygärligiň tekejini açyk maýolika plitalary bilen örtmek ideýasy hem hut Kareline degişlidi.Maýolika bu keramikanyň şekil bilen bezelen özboluşly bir görnüşidir.
Ol skulptor Ýelizaweta Radionowna Tripolskaýa tarapyndan ýerine ýetirildi.
Bu ýerde gymmatlyk Iliçiň ýadygärliginiň özi däl (ol adaty nusgadaky heýkel). Gymmatlyk ýadygärligiň aşagyndan bina edilen ajaýyp (men bu sözden gorkmaýaryn) tikeçde jemlenýär.
Şu günki günde biziň öňümizde haly nagyşlary bilen bezelen, Türkmenistanyň çar künjüne mahsus haly göllerini özünde jemleýän ajaýyp kartina janlanýar. Bu gündogar mawzoleýi, 1927-nji ýylda Poltoraskide o diýen düşnükli bolmadyk erteki köşgüne çalymdaş. Şol bir wagtda, haly tikeçde “Türkmenistanyň işçilerinden we daýhanlaryndan serdara” diýen sözler ýazylgy.
Ýelizaweta Rodionowna 1881-nji ýylyň 19 (31) noýabrynda Poltawa guberniýasynyň Opoşnýa obasynda, Opoşnede, Dolžkede we Zenkowede mülkleri bolan baý pomeşikleriň maşgalasynda dünýä inýär. Ýelizaweta 1889-njy ýylda Poltawanyň salyhatly gyzlar institityna okuwa girýär we ony 1896-njy ýylda kümüş medal bilen tamamlaýar. Soňra ol okuwyny dowam etdirmek üçin Sankt-Peterburga gidýär.
Käbir maglumatlara görä, tanymal ukrain peýzajçysy Mihail Iwanowiç Holodkowskiý (1855 1926 ýý.) onuň daýysy bolupdyr.Görnüşinden, öz ýegeniniň şol wagt Poltawadaky salyhatly gyzlar institutynda sapak beren Wasiliý Alekseýewiç Wolkowdan ders almagyny maslahat berenem Ýelizawetanyň şol daýysy bolupdyr.
Gyz Wasiliý Alekseýewiçden başlangyç professional-çeperçilik bilimini alýar.Soňra bolsa, 1897-nji ýyldan skulptorlar L.Şerwudanyň, W.Beklemyşewiň, R.Bahyň ussahanalarynda plastika sungatyny öwrenmegi dowam etdirýär, Peterburgyň hudožnikleri höweslendirýän çeperçilik mekdebinde, grafikler A.Sionglinskiniň, D.Kardowskiniň Peterburgdaky ussahanalaryna sapak alaýar.
1903-nji ýylda bolsa, hudožnik gyz eýýäm, Poltawada I.P.Kotlýarowskiniň ýadygärligini açmak boýunça çeperçilik sergisine gatnaşýar.
Ol Pariže gidýär. N.Aronasonyň studiýasynda, Wýežlayň ussahanasynda okuwyny dowam etdirýär we mermerde işlemegi öwrenýär.
Ýelizaweta Tripolskaýa 1904 1909-njy ýyllarda dürli materillarda işleýär. Bu ýyllarda onuň Peterburgdaky Ýaz sergisinde goýlan “Oglanyň portreti” (1908 ý, mermer) işi, gyzlaryň bişirilen keramiki býustlary, haýwan şekilleri ((itiň, doňuzlaryň we sygryň şekilleri), “Kriwonos daýy”, Daýhanlar”, “Sokotuha” býustlary (1909 ý.) peýda bolýar. Soňky býust soňy bilen Kuinjewskiý baýragyny alýar.
Ol 1914-nji ýylda hormatly tabşyrygy ýerine ýetirýär Ýekaterinoslawede (häzirki Dneprepetrowsk) Ýekaterina II ýadygärligi üçin tekejiň modelini taýýarlaýar.
1916 1917--nji ýyllarda onuň bürünçden ýasalan “Bylinoçka”, “Şutit” “Katerina” işleri peýda bolýar.
Ol rewolýusiýa wagtynda we ondan soň synag baryny başdan geçirýär. Aýratynam, 1918-nji ýyl agyr bolýar. Emma, mülkleriň ýaragly Osetin otrýadlar tarapyndan goralýandygyna garamazdan, olar Troskiý tarapyndan türmeden goýberilen jenaýatçylaryň öňünde durup bilmeýär. Olar mülkleri talaýarlar we Ýelizaweta Rodionaownanyň gözüniň öňünde kakasyny öldürýärler, onuň özüni gudrat bilen diri galdyrýarlar.
Tripolskaýa bu ýagdaýlara garamazdan, döredijiligini dowam etdirýär we öz güýjüni soňra bütin ömrüniň ykbalyna aýlanjak maýolikada synaýar. Şonda, mysal üçin, maýolika topary tarapyndan “ýarmarkada” diýen iş ýerine ýetirilýär. Bu döwürde Opoşniniň küýzegärleri onuň eskizleri boýunça “Ukrian toýy” atly şekilleri döredýärler. Soňra bu işler ýurt keramologiýasynyň taryhyna girýär.
Ýelizaweta Rodionaowna 1920--nji ýyllarda WHUTEIN tarapyndan Bakuwa iberilýär. Belki-de, bu tejribe onuň 1922-nji ýylda Peterburgda, Çeperçilik akademiýasynyň bazasynda açylan Ýokary çeperçilik-tehniki institutyndaky okuwy bilen goşulyşýar.
Ol 1922-nji ýyldan eýýäm Azerbaýjanyň paýtagtynda hemişelik ýaşamaga başlaýar. Ol ýerde Azerbaýjan SSR-niň Ylymlar Akademiýasy üçin “Ýer işlemek”, “Saz”, “Prometeý”, “Ylym” ýaly baralýefleri we gorelýefleri döredýär,
Aşgabatda duran W.I.Lenin ýadygärligi Tripolskaýanyň türkmen temasyndan bitiren ýeke-täk işi däl.
Ol 1928 1933-nji ýyllarda, Werbilkadaky Dmitrow farfor zawodynda işlände, “Türkmen küştleri” eserini döredýär. Onuň bir nusgasy sowet hökümeti tarapyndan ABŞ-nyň prezidenti F.Ruzwelte sowgat berilýär.
Onuň “Hat ýazýan türkmen”, “Okaýan türkmen gyzy” atly miniatýuralary hem meşhurdyr.
Ýelizaweta Rodionowna Tripolskaýa 1958-nji ýylyň 6-nji noýabrynda Bakuwda aradan çykdy.