Türkiýeden üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 1 milliard 374 million dollarlyk haly eksport edildi.
Günorta gündogar Anadoly eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýedäki haly öndürijiler 2024-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda 183 ýurda we erkin zolaga 283 million 792 müň ine dördül metrlik haly satdy.
6 aýlyk haly eksportundan 1 milliard 374 million 655 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.
Haly eksporty geçen ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende 7,6 göterim artdy.
Ady agzalýan döwürde ABŞ-na 397 million 757 müň dollarlyk, Saud Arabystanyna 165 million 200 müň dollarlyk, Britaniýa 89 million 795 müň dollarlyk, Yraga bolsa 81 million 480 müň dollarlyk haly eksport edildi.