2024-nji ýylyň 30-njy martynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň meýilnamasy esasynda, halypa Hally bagşynyň doglan gününiň 165-ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi. Dabarany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Döwlet Gurbangeldiýew alyp bardy.
Dabarada Türkmenistanyň halk artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz-etnografiki laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew dagylar, bagşynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly gyzykly wakalary ýatlamak bilen, onuň türkmen bagşyçylyk ýolunda goýan yzlary barasynda täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.
Hally bagşynyň 165-ýyllygy mynasybetli guralan bu dabaranyň dowamynda, bagşy-sazandalar tarapyndan taýýarlanylan konsert görkezildi.Bagşynyň hormatyna guralan bu dabara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Rejepdurdy Begenjowyň, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Merdan Baýramowyň, ussat bagşy Magtymguly Magtymgulyýewiň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň III ýyl talyby Merdan Baýramgeldiýewiň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy Meýlis Goçmyradowyň ýerine ýetiren aýdymlary bilen tamamlandy.
Dabarany Miras teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.