Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Düýn — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde guralan dabaralar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ynsan saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge döwlet derejesinde berilýän ünsüň kepili boldy. Uly şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralarydyr welosipedli ýörişler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglyk we sport ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleriň beýanyna öwrüldi.

AŞGABATDA

Paýtagtymyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän baýramçylyk dabaralarydyr welosipedli ýörişlere giň gerim berildi.Säher bilen Köpetdagyň gerişlerinden uzap gidýän Saglyk ýolunyň başlanýan ýeriniň golaýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary beden maşklaryny, tälimçilerdir türgenler sportuň dürli görnüşlerinden taýýarlanan görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň şatlygyny artdyrdy.Soňra orta we ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda welosipedli ýörişe badalga berildi.

Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen geçen ýöriş Döwlet münberine çenli dowam etdi.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň göreldesi bilen ýurdumyzda welosport bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň welosporty ösdürmek babatda ýeten derejesini nobatdaky gezek aýan eder.

Ýokary okuw mekdepleriniň sport meýdançalarynda mugallymlardyr talyplaryň gatnaşmagynda beden maşklary ýerine ýetirildi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk duşuşyklarynda milli Liderimiziň başda durmagynda kabul edilen Saglyk Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli asylly işler barada buýsançly gürrüňler edildi.

Allanur ÇARYÝEW.Türkmenistan.

AHALDA

Bütindünýä saglyk güni welaýatda baý many-mazmunly dabaralara beslendi.Etrapdyr şäherlerde günüň saba-säherinden badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişler şanly senä bagyşlanan dabaralaryň başyny başlady.Welaýat derejesindäki köpçülikleýin welosipedli ýörişe Ak bugdaý etrabynyň çägindäki dag tebigatynyň gözel künjeginden — Bagabat jülgesine alyp barýan ýoluň ugrundan badalga berildi.

Oňa welaýatyň dürli ýaşdaky we hünärdäki bagtyýar raýatlarynyň 300-e golaýy — welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridir türgenler hem-de köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.

Bagtyýar ildeşlerimiz welosipedli ýörişini täze gurlan ýol arkaly welaýat merkezine tarap dowam etdirdiler. Olar täze ýoluň Arçabil şaýoly bilen birigýän ýerindäki — ýol çatrygyndaky görkanalygy we nuranalygy bilen ünsi çekýän Saglyk binasynyň töweregini gurşap alan, şatlyk-şowhuna beslenen tomaşalardan aýratyn lezzet aldylar.

Änew şäheriniň barha özgerýän görki, täze döredilen ýaşyl zolaklar hem welosipedli ýörişe gatnaşyjylary biparh goýmady.Täze ýaşaýyş toplumlary we hyzmat maksatly desgalar, ýolugurdaky owadan güller döwrümiziň bagtyýarlyk ruhuny açyp görkezdi. Şeýle ajaýyplyklary synlan welosipedçiler welaýat merkezindäki sport mekdebine çenli aralykdaky ýoly uly ruhubelentlikde geçdiler.

Soňra sport mekdebiniň öňündäki toý ruhly meýdançada sportuň birnäçe görnüşi boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.Mekdebiň sport zallarynda we meýdançalarynda giň gerim alan ýaryşlar sport baýramçylygyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bäherden etrabynyň çägindäki Arçman, Ýyly suw, Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Bagabat şypahanalarynda, Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk maslahatlary şanly senä bagyşlanan dabaralaryň üstüni ýetirdi. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärlerine welaýatyň we etraplaryň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Aýdo ŞEKEROW.(Öz habarçymyz).

BALKANDA

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary hem Bütindünýä saglyk gününi Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ruhuna mynasyp aýdym-sazlara, tans we folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna besläp, ýokary derejede belläp geçdiler. Balkanabatdaky on müň orunlyk stadionda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti hem baý many-mazmuna eýe boldy.

Welaýat merkeziniň edara-kärhanalarynyň, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň işgärleriniň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň köp sanlysy ir säher bilen stadionyň öňündäki ajaýyp meýdança ýygnandylar.

Bu nurana künjekde welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlarda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň hatyrasyna amala aşyrýan ägirt uly işleriniň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, agzybirligimiziň, erkana ýaşaýşymyzyň waspy öz mynasyp beýanyny tapdy.

Balkanabadyň ajaýyp şaýollarynyň ugry bilen guralan welosipedli ýöriş milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, sportuň bu görnüşiniň Balkan welaýatynda hem uly meşhurlyga eýe bolýandygynyň güwäsine öwrüldi. Baş Baýdak meýdançasynda, welaýat merkezindäki sport toplumlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň öňündäki meýdançalarda köpçülikleýin bedenterbiýe maşklary ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirildi. Bu çäreleriň her biri balkanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.

Hojaberdi BAÝRAMOW.(Öz habarçymyz).

LEBAPDA

Bütindünýä saglyk gününiň gündogar sebitdäki çäreleri onuň resmi senesinden has öň başlandy. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary, iri jemgyýetçilik guramalary, dürli edara-kärhanalar, şol sanda welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde dürli ýaryşlary geçirdiler.

Wagyz-nesihat duşuşyklarynda sakasynda milli Liderimiz duran sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetine aýratyn üns berildi.Geçirilen welosipedli ýöriş bu çäreleriň mynasyp dowamyna öwrüldi.Amyderýanyň üstünde gurlan awtomobil köprüsinden, derýanyň sag kenaryndan badalga alan ýörişe ýüzlerçe adam gatnaşdy. Ýörişe gatnaşyjylar aýdym-saz bilen ugradyldy.

Welosipedçiler bu ýerden Türkmenabat şäherine tarap ýola düşdüler.Olaryň arasynda welosiped sporty bilen çynlakaý meşgul bolýan ýaşlar-da, olaryň tälimçileri-de, welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar-da, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de bardy.

Biraz salymdan soň ruhubelentlik bilen gelýän welosipedçiler köpriniň derýanyň çep kenaryndan başlanýan ýerinde gurlan Beýik Ýüpek ýoly binasynyň ýanyna ýetdiler. Şu ýerden olar Türkmenabat şäherine sowuldylar we ýoluny dowam etdirdiler.

Welosipedçileriň owadan hatary şäheriň irdenki görnüşine aýratyn gözellik, keýpiçaglyk paýlady. Ýoluň ugrunda olary welaýat merkeziniň ýaşaýjylary ruhubelentlikde ugratdylar.Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen barýarkalar, olar ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň deňinde guralan sport çäreleriniň şaýady boldular.

Säheriň sergin howasyndan lezzet alyp, ýol söküp barýan welosipedçiler welaýat merkeziniň Sport toplumyna gelip ýetdiler.Bu ýerde hem olar dabaraly aýdym-sazlar bilen garşy alyndy.Sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan özgertmeleri, türkmen sportuny wasp edýän aýdymlary uly joşgun bilen aýtdylar.

Tansçylar toparynyň göwün galkyndyryjy sazlara goşup ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary hem köpleriň göwnünden turdy.

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler welaýatyň ähli etraplarynda geçirildi. Olara dürli kärdäki we ýaşdaky adamlaryň müňlerçesi gatnaşdy.

Agageldi ITALMAZOW.(Öz habarçymyz).

DAŞOGUZDA

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welaýat merkeziniň gözel künjegindäki Ruhyýet köşgüniň dabaralar meýdançasyndan badalga aldy.Bu ýere säher bilen edara-kärhanalaryň, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplary, köp sanly sport söýüjiler ýygnandylar.

Baýramçylyk lybasy bilen görklenen meýdançada halkara baýramçylygyň şanyna guralan köpçülikleýin sport çäreleri täze joşguna eýe boldy.Bu ýerde aýratyn sport eşigindäki gimnastikaçy gyzlaryň ýerine ýetiren tans çykyşlary has-da täsirli boldy.

Soňra aýdym-sazlaryň şirin owazynyň astynda welosipedçileriň 350-si hatar gurap ýola düşdi.

Welosipedçiler Daşoguz şäheriniň Görogly şaýolundan başlap, täze gurlan binalar toplumyny aralap gidýän hem-de şäheriň günbatar künjegindäki sport toplumyna çenli dowam edýän aralygy geçdiler.Döwrebap stadionyň baýramçylyk lybasly girelgesiniň ýanynda welosipedçileriň baýramçylyk kerweni uly dabara bilen garşy alyndy.

Ajaýyp bezegli giň sahnada welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.Olar ynsanyň göwher täjine deňelýän saglygy goraýyş ulgamyny ýokary derejedäki ösüşlere besleýän, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň kämil nusgasyny üpjün edýän, bagtyýarlyk döwrümizi peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Döwrebap stadionda baýramçylyk mynasybetli ýaş türgenleriň sportuň agyr atletika, uly hem kiçi tennis görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary guraldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynyň bezegine öwrülen dabara gatnaşan bagtyýar adamlar ýurdumyzy bedew bady bilen röwşen geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Amanmyrat SAPAROW.(Öz habarçymyz).

MARYDA

Bütindünýä saglyk gününiň egsilmejek şatlyga beslenen dabaraly çärelerine Mary welaýatynyň ähli künjeginde giň gerim berildi.Baýramçylyk mynasybetli welaýat häkimliginiň, welaýat Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän medeni çäreler birnäçe gün öňünden ýaýbaňlandyryldy.

Welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Baýramaly şypahanasynda Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.Mary şäherindäki köpugurly sport toplumynda we beýleki sport desgalarynda hem baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandy.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen welosipedli ýöriş ähli baýramçylyk çäreleriniň seresi boldy. Köpçülikleýin ýörişe badalga berilmezden öň, oňa gatnaşýan türgenleriň öňünde welaýatyň medeniýet işgärleriniň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Mary şäheriniň gözel görkli Kemine köçesiniň başlanýan ýerinde görkezilen şowhunly çykyşlardan soňra welosipedli ýörişe badalga berildi.

Welosipedli ýörişe gatnaşan türgenler şäheriň gözel köçelerini külterläp başladylar.Olary medeniýet işgärleri, çagalar döredijilik toparlary we türgenler bilim ojagynyň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş Baýdak meýdançasynyň, Ruhyýet köşgüniň, Mary myhmanhanasynyň, Bagtyýarlyk seýilgähiniň öňünde özleriniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen garşyladylar.

Bellenilen menzili ýokary ruhubelentlikde geçen türgenleri pellehanada, ýagny welaýat Medeniýet köşgüniň öňünde medeniýet we sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazlar, döwrebap tanslar we sport görkezme çykyşlary bilen garşyladylar.

Sport çäreleri welaýatyň beýleki etrapdyr şäherlerinde-de geçirilip, olar ýokary ruhubelentlige beslendi.

Welmuhammet GALANDAROW.(Öz habarçymyz).

Surata düşürenler Maksat AKMÄMMEDOW, Andreý PAKULOW, Hezret ÝAZBERDIÝEW, Şamyrat AMADOW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25378

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä...
Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY