HALKYŇ BAGTYÝARLYGY DÖWLETIŇ BERK BINÝADYDYR

HALKYŇ BAGTYÝARLYGY DÖWLETIŇ BERK BINÝADYDYR

Türkmenistan dünýä taryhynda medeni ösüşleri başdan geçiren ýurt hökmünde giňden tanalýar.Dünýä medeniýetiniň kemala gelmeginde biziň halkymyzyň mynasyp orny bardyr.Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Medeniýet halkyň kalbydyr atly kitabynda: Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir.

Munuň özi ösen türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir etmegine şert döredipdir. Şol birwagtyň özünde dünýä halklarynyň medeniýeti hem türkmeniň medeni mirasynyň has baýlaşmagyna täsir edendir diýen setirleri hem aýdyň subut edýär.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, üstünden söwda kerwenleri ýol salan Türkmenistan adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biri bolup geldi.Häzirki döwürde bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz medeni maksatly binalaryň gurulýan gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Ýurdumyzyň teatr, aýdym-saz, şekillendiriş sungatyny, muzeýler we kitaphanalar ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan köpugurly işler halkymyzyň medeni-ruhy we medeni aň-bilim derejesini ösdürmäge gönükdirilen işler bolup, bu ugurda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda halk we halkyň bagtyýarlygy hakyndaky alada baş orunda durýar.

Binýady berkden tutulan eziz Watanymyz baky bagtyýarlygyň mekanydyr.

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen Halkyň bagtyýarlygy döwletiň berk binýadydyr atly maslahat hem ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüşlerine, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işlerini döredijilikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatly işlerine, halkymyzyň bolelin we bagtyýar durmuşyny giňden wagyz etmeklige bagyşlanyldy.

Maslahata Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
e.gov.tm portalynda okuw töleglerini onlaýn tertibinde amala aşyryň!
Näme üçin almaly zatlarymyz ýatdan çykýar?
Astrahanda IX Hazar metbugat forumy geçirilýär
Aşgabatda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara sergi öz işine başlar
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäre gurady
Ilkinji transatlantik telegraf aragatnaşygy