Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir

Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir

9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Ýaşaýyş toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 23 gektara barabardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamyna bildirýän talaplary nazara alnyp taslamalaşdyrylan täze binalar şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Lebapgurluşyk önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň ýanyndaky Şähergurluşyk we hyzmat döwlet kärhanasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki Demirbetonönümleri hem-de Demirbetonkonstruksiýa edaralary tarapyndan bina edildi.

Bu ýere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň agzalary täze jaýlaryň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtly ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar
Türkmenabatda birbada 4 gatly jaýlaryň 17-si, 2 gatly kottejleriň 70-si açyldy
Türkmenabatda 1280 maşgala üçin 40 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
Türkmenabadyň etegindäki täze jaýlara hyrydar tapylmaýar