'Halky gorkuzmak guraly'. Türkmenistanlylar Nawalnynyň ölümi barada pikir paýlaşýarlar

'Halky gorkuzmak guraly'. Türkmenistanlylar Nawalnynyň ölümi barada pikir paýlaşýarlar

Kremliň syýasatyna garşy açyk göreşen rus syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň ölümi baradaky habar tutuş dünýäde bolşy ýaly Türkmenistanda hem seslenme döretdi.Janyna kast etmäge synanyşykdan soň hem göreşinden el çekmedik we Orsýete gaýdyp, gaýtadan türmä basylan 47 ýaşly syýasatçynyň tarpa-taýyn ölmegi köpçülikde hem geň galma, hem-de gahar-gazap döretdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary dürli ýaşly, dürli milletli we dürli kärli türkmenistanlylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň Nawalnynyň ykbaly barada pikirini sorady.

Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň köpüsi orsýetli syýasy bendi Nawalnynyň türmede zäherlenip öldürilendigine ynanýarlar we gynanýarlar diýip, habarçymyz söhbetdeş bolan ýerli adamlaryň pikirlerine salgylanýar.

"Nawalnyý meselesinde Putini gaty berk garalaýarlar.Nawalnynyň öldürilmegi türkmen diktatoryna hem ýol görkeziji bolup, Türkmenistandaky aktiwist adamlary, žurnalistleri ýene-de gorkuzmak guraly höküminde ulanylyp bilner.Serdar Berdimuhamedowyň bu ýoldan gitmek howpy bar.

Putiniň bu zalym ganhorlygynyň ýörelge hökmünde ulanylmagynyň gorkusy döredi adamlarda.Gurbanguly [Berdimuhamedow] hem öz döwründe köpläp adamlary gorkuda saklamakdan, aktiwistleri, garşy pikirlileri gizlin ýitirim etmekden, gorkuzyp saklamakdan el çekmedi, ogly hem aktiwistleri ýurda getirip türmä basyp otyr" diýip, Türkmenbaşydaky habarçymyz ýerli söhbetdeşlerini sitirleýär.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan bir türkmenbaşyly rus telewideniýesine satellit arkaly köp tomaşa edýändigini aýdyp, Putine öň hormatynyň bolandygyny, emma Orsýetiň Ukraina çözmagyndan soň pikirini üýtgedendigini mälim etdi:

"Bu hakykat, biz ozal Putini söýýärdik, emma Ukrainada gan çaýkap, ukrain döwletiniň territorial bütewüligini, garaşsyzlygny depeläp, öz ygtyýarlygyna geçirmek synanyşmagyndan soň biz Putini ýigrendik.Ukrainada köp türkmenistanlynyň garyndaşlary, dostlary hemişelik ýaşaýar olary alada edýäris.

Galyberse-de, rus telekanallary soňky birnäçe aý bäri Putiniň töweregindäki ýaranlarynyň Merkezi Aziýany hem basyp almak planlaryny aç-açan aýdyp, özbek, gazak, türkmen döwletleriniň ozalky rus patyşalygyna we ondan soňky SSSR- e degişli diýýän wagyzlaryny güýçlendirmegi Putine bolan ýigrenji hasam güýçlendirdi".

Azatlyk Radiosy Türkmenistandaky söhbetdeşleriniň howpsuzlygy sebäpli olaryň atlaryny görkezmeýär.

Türkmenbaşyda habarçymyz bilen söhbetdeş bolanlaryň ýene biri Nawalnynyň ölümi bilen bagly wakanyň Kremliň sowet diktaturasynyň başga pikirdäkilere garşy zulumy ulanmak ýaly tejribelerinden el çekmändigini görkezýär diýen pikirini öňe sürdi:

"Orsýet KGB ýoluny ulanyp, has ýowuz darap, saýlawyň öňýany hem garşydaşlaryna, hem-de Merkezi Aziýa liderlerine aýratyn bir signal berýär. 'Nädip bolsa-da meniň garşyma çykmajak boluň, öldürerin hemmäňizi' diýen ýaly görünýär".

"Nawalnynyň ölümini Putiniň postsowet ýurtlarynyň öz ygtyýarly garaşsyzlygyny elden gidermegine gytaklaýyn duýduruş ýaly kabul edýärin" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy ozalky syýasatçy hem aýtdy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy ýerli ýaşaýjylaryň käbiri Nawalnyý azatlyk pozisiýasy üçin ýogaldy diýýän bolsa, köpçülik öz garaýyşyny jikme-jik paýlaşmakdan saklanýar diýýär.

"Hemme adam bu täzelige üns berýär, emma köpçülik bu barada gep açmaýar" diýip, Lebapdaky habarçymyz 21-nji fewralda gürrüň berdi.

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň “Yamalo-Nenetsk” awtonom okrugyndaky koloniýada aradan çykandygyny Jezalaryň berjaý edilişi boýunça federal gullugy 16-njy fewralda habar berdi.

"2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda, 3-nji belgili jeza beriş koloniýasynda bendi Alekseý Nawalnyý gezelençden soň, özüni nähoş duýdy we tas dessine huşuny ýitirdi. Koloniýadaky saglyk personally dessine geldi we Tiz kömek gullugyny çagyryldy" diýlip, beýanatda aýdyldy.

Rus häkimiýetleri şondan bäri Nawalnynyň jesedini maşgalasyna bermän gelýär. Bu ýagdaý onuň maşgalasynda, rus jemgyýetinde we halkara derejede närazylyk döretdi. “Meduza” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Alekseý Nawalnynyň jesediniň maşgalasyna gowşurylmagyny talap edip, 67 000-den gowrak rus raýaty ýurduň Derňew komitetine resmi hat iberdi.

16-njy fewralda ölendigi yglan edileli bäri, rus polisiýasy adamlaryň Nawalnyny hormatlamak üçin gül we şem goýýan ýadygärlikleriniň daşyny gabap, öz-özünden jemlenýän raýatlary dargadýar. Orsýetiň dürli künjeklerindäki onlarça şäherde gül goýmaga baran adamlaryň 430-dan gowragynyň tussag edilendigi habar berildi.

19-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Nawalnynyň ölümi barada halkara derňewini talap etdiler.

Kremliň tankytçysynyň aýaly Ýuliýa Nawalnaýa açyk çykyş edip, adamsynyň ölüminde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putini günäkärleýändigini aýtdy we Kremle garşy göreşini dowam etdirjekdigini yglan etdi.

Alekseý Nawalnyý 2000-nji ýyllarda syýasata geldi. Ýaş, açyk hem şadyýan adam kem-kemden Russiýanyň iň meşhur oppozisiýa liderine öwrüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Slowakiýanyň Premýer-ministri Moskwa Bardy
Russiýa Pitiniň Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmandygyny aýtdy
Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Putin şu gün Gazagystana sapar bilen barar
Rus serkerdäniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümiň jogapkärdigi güman edilýän adam tussag edildi