Halklaryň janyna howp abanmaýan bolsa, uruş jenaýatdyr

Halklaryň janyna howp abanmaýan bolsa, uruş jenaýatdyr

Gepleşigimiziň bu sanynda adamzadyň iň esasy ärdemi, parahatçylyk hakynda durup geçmek isleýäris. “Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” ýörelgesini türk daşary syýasatynyň öznine ornaşdyran Atatürkiň bu mowzukdaky sözünden ugur alyp, halklaryň janyna howp abanmaýan bolsa, uruş jenaýatdyr, çünki diýip, söze başlaýarys.

Bu beýik söz Atatürkiň dünýä parahatçylygyna, adam hukuklaryna we urşuň pajygaly netijesine bolan garaýyşyny çürt-kesik beýan edýär.Beýik öňbaşçynyň bu sözi diňe bir urşa garşy durmak däl, şol bir wagtda-da halkara gatnaşyklarda parahatçylykly syýasatlaryň ileri tutulmak hakyndaky çuňňur pelsepewi düşünjesini öz içine alýar. Şeýle sözi ömrüniň esasy bölegini uruşlarda, frontda geçiren esgeriň aýtmagy bolsa, aýratyn üns çekiji mowzukdyr.

Atatürkiň esasanda 1-nji Jahan urşunda we Azatedijilik urşunda gönüden başdan geçiren kynçylyklary we gam-gussalary onuň uruş hem-de parahatçylyk adalgalaryna bolan garaýşyna çuňňur täsir ýetirýär. Urşy gowy bilýän Atatürk, uruşlaryň üstün çykan taraplar üçin hem nähili ýitgilere sebäp bolýandygyny gowy bilýär. Azatedijilik urşy bolsa türk milletiniň garaşsyzlygyny we ýaşama hukugyny gorama göreşidir.

Bu sözdäki açyk ýüzlenme, urşyň diňe milletiň gelejegine we garaşsyzlygyna howp abanan halatynda ýerlikli boljakdygyny, bu şertlerden daşgary uruşa ýüz tutmagyň kabul edilmesizligidir.Atatürk urşuň diňe milletiň gelejegini, azatlygyny we garaşsyzlygyny goramak üçin ýüz tutulmaly soňky çäredigini beýan edýär.

Eýsem, ençeme halatlarda uruşlar turýar we güýçlenmek maksady bilen agressiw döwletler tarapyndan nähak ýerden başladylan uruşlar bar. Şeýle uruşlar Atatürkiň pikiriçe jenaýatdyr. Çünki şeýle uruşlar diňe bigünä adamlary ýok edýär we adamzadyň buýsanjyna zyýan ýetirýar.

Urşuň pajygaly netijeleri bilen bagly düşünje Atatürkiň liderlik garaýyşynda aýratyn orun tutýar. 20-nji asyryň başy dünýäniň esasy güýçleriniň bähbit çaknyşygy sebapli ýygydan urşa çekilen döwridir.Bu uruşlaryň netijesinde onlarça million adam pida bolýar, halklar ykdysady we jemgyýetçilik taýdan pese gaçýar.

Atatürk şeýle uruşlaryň manysyzlygyny we ýerliksiz ýitgilerini anyk görýär. Şol öňdengörüjiliginiň netijesinde Germaniýadada Gitlerçileriň, İtaliýada faşitleriň Ýewropany urşa çekjekdigini görüp, 1934-nji ýylda Balkan Paktyna gol çekilmegine öňbaşçylyk edýär. 10 ýyl ozal Gresiýa bilen söweşendigine garamazdan Rumyniýany we Ýugoslawiýany ýanyna alan Türkiýe şol bileleşigi döredip, 2-nji Jahan urşundan öň parahatçylyga bolan ynamyny nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ysraýylyň premýer ministriniň ABŞ-nyň kongresindäki çykyşy barada beýannama berdi
10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Amasýa Jarnamasy
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye şu ýylyň ilkinji 6 aýynda syýahatçylykdan 23,7 milliard dollar girdeji aldy