Halklary we döwürleri birleşdiren akyldar

Halklary we döwürleri birleşdiren akyldar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin etrap medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Aşgabat seýilgähinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Halklary we döwürleri birleşdiren akyldar ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanýandygy, çünki ol her bir ynsanyň kalbynda adamkärçiligiň belent nusgasyny dörediji höküminde müdimi ýaşaýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ak şäherimizi etekläp oturan gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgähler toplumynyň açylmagy, dana şahyryň nazary düşen gadymy toprakda toý-baýramlaryň uludan tutulýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraýyny belende götermek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR
TÄSIN TEBIGATYŇ GÖZELLIGI
SAGLYGYMBAŞ BAÝLYGYM
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI