2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Çary Nurymowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi, onda ussat kompozitoryň eserleri Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda, Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde ýaňlandy.
Konserti Medeniýet ministrligi bilen TÜRKSOÝ guramasy bilelikde gurady.Bu konserte Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan Respublikalarynyň, Azerbaýjan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikalary ýaly dünýäniň ençeme döwletlerinden hem dürli wezipeli adamlar, sazşynaslar, meşhur kompozitorlar we beýleki sungat ussatlary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Bu ugurdan ilki çykyş edenler Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Rasul Amangeldiew hem-de TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş sekretary, ylymlaryň doktory, professor Dýüsen Kaseinow türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynda gazananlary, kakasy urşa gidip, heniz iki ýaşlarynda ýetim galan geljekki atly kompozitoryň çagalyk, mekdep döwürleri, türkmen kompozitory hökmünde Ç.
Nurymowyň döredijiliginiň köptaraplylygy, ýerine ýetirijilik ugurlarynyň köpdürlüligi barada durup geçdiler.Olaryň çykyşlaryndan soň kompozitor Çary Nurymowyň terjimehaly we döredijilik dünýäsi, şägirt hökmünde geçen ýollary, döreden eserleri we beýlekiler barada dokumental film görkezildi. Çary Nurymowyň segsen ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen konserte wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan we çykyş eden belli sazşynaslar, Azerbaýjanyň Kompozitorlar birleşiginiň başlygy, Azerbaýjanyň halk artisti, professor Fringiz Alizade, şeýle-de halkara bäsleşikleriniň laureaty Fegan Gasanli, Özbegistan Respublikasynyň Kompozitorlar birleşiginiň başlygy, Özbegistanyň sungatda at gazanan işgäri, döwlet baýraklarynyň eýesi, professor Rustam Abdullaýew, onuň orunbasary, professor Habibulla Rahimow, Özbegistanyň halkara baýraklarynyň eýesi Elnura Mirzakamalowa, türkiýeli kompozitorlar Turgaý Erdener, Özge Gulbeý Usta we beýlekiler diňe bir Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň döredijiligi hakynda däl, eýsem belli türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Gurban Kulyýewiň, Daňatar Öwezowyň, Aman Agajykowyň döredijilik dünýäsi barada-da giňişleýin gürrüňler etdiler. Şeýle hem Çary Nurymowyň Turba we orkestr üçin konserti, Pyragy hakynda elegiýa, Armanym galdy, Näzlim uz maňa Meniň dostum Meleguş çeper filminden Altynyň aýdymy, Teke nagyşlary, Oýanmaz, Hoşlaşyk aýdymy ýaly eserleri milli we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi.
Dabara wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan tatarystanly kompozitor Elmira Galimowa, Gazak milli sungat uniwersitetiniň dosenti Serikjan Abdynurow, Gyrgyzystan Respublikasynyň Kompozitorlar birleşiginiň başlygy, kompozitor Turdybek Çokyýew we beýlekiler Çary Nurymowyň döredijilik dünýäsi, döreden eserleri, onuň diňe türkmen topragynda däl, eýsem halkara derejesinde hem meşhurlygy hakynda öz çykyşlarynda belläp geçdiler.
Dabara gatnaşan sazşynaslar halkymyzyň bu ugurdan uly işleri durmuşa geçirýän sungat ussatlary barada şeýle uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.