Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky täze Sanly karz ulgamyny işläp düzdi we ornaşdyrdy. Innowasiýa hyzmaty raýatlaryň karz almakda sanly ulgamy ulanmak arkaly artykmaçlyklary döretmek ýaly internet arkaly uzakdaky müşderi hyzmatyny üpjün edýär.
Sarp ediji karz üçin ýüz tutmagynyň dowamynda ýörite ykjam programmany ulanyp, bu işi doly onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, innowasiýa ulgamynyň doly awtomatlaşdyrylmagy, müşderiniň karz taryhyny barlamaga we birnäçe sekundyň içinde karzyň iň ýokary mukdaryny kesgitlemegine mümkinçilik berýär. Alnan karz serişdeleri bank kartyna geçirilýär, bu bolsa öz gezeginde ýurtda nagt däl tölegleriň dolanyşygyna gönüden-göni goşant goşýar.
Çeşme: THP