2023-nji ýylyň maý aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, Mobil banking hyzmatyna hasaba alnanlaryň sany boýunça Halkbank paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda öňdebaryjy orny eýeledi diýip, Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.
Habar berlişine laýyklykda, Halkbank PTB-niň mobil banking hyzmatyna 16 508 ulanyjy hasaba durupdyr. Bu ugurdaky sanawda ikinji orunda Türkmenistan döwlet täjirçilik banky (14 402 ulanyjy), şeýle-de üçünji orunda bolsa Daýhanbank döwlet täjirçilik banky (12 921 ulanyjy) durýar.
Merkezi bankyň berýän hasabatyna görä, Halkbank PTB, esasan, ýurduň sebitlerindäki müşderiler bilen işleşýär.
Şeýlelikde, bu ulanyjylaryň sanynyň aglaba bölegi Mary (8 182 ulanyjy) hem-de Lebap (6 230 ulanyjy) welaýatlaryna degişli.
2023-nji ýylyň 1-nji maýy ýagdaýyna görä, Mobil banking hyzmatyna hasaba alnanlaryň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy: