Türkmenistanda Mobil bank hyzmatynyň hasaba alnan ulanyjylarynyň sany boýunça Halkbank paýdarlar täjirçilik banky öňdeligi eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.
2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli Halkbankda bu hyzmat boýunça hasaba alnan 16 müň 340 ulanyjynyň bardygy bellenildi. Ikinji orunda Türkmenistan banky (13 müň 820 ulanyjy), üçünji ýerde Daýhanbank (12 müň 425 ulanyjy) bar.
Welaýatlaryň arasynda bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň köplügi Mary welaýatynyň ulanyjylarydygyny bellemek gerek (16 197). Bu sanawda Lebap welaýaty ikinji (16 138), Aşgabat şäheri bolsa 13 264 ulanyjy bilen üçünji orunda durýar.
Türkmenistandaky banklaryň 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli Mobil bank hyzmatynyň hasaba alnan ulanyjylarynyň sany boýunça reýtingi: