Halkbank paýdarlar täjirçilik banky Mobilbank hyzmatyna birigen müşderileriniň sany boýunça öňdeligi eýeleýär. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi banky habar berýär.
Çeşmäniň berýän maglumatlaryna laýyklykda,2023-nji ýylyň mart aýynyň başyndaky ýagdaýa görä, Halkbankyň müşderileriniň 16 340 sanysy Mobilbank hyzmatyndan peýdalanýar. Bu ugurda ikinji ýerde Türkmenistan (13 820 müşderi), üçünji ýerde bolsa Daýhanbank (12 425 müşderi) banklarynyň ady getirilipdir.
Ýeri gelende bellesek, Halkbankyň Mobilbank hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň aglabasy welaýatlaryň paýyna düşýär. Has takygy, bankyň Mary welaýatyndaky müşderileriniň 8 106 sanysy, Lebap welaýatyndaky müşderileriniň 6 200 sanysy bu hyzmatdan peýdalanýar.
2023-nji ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistan boýunça Mobilbank hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany 62 531-e barabar.