Düýn 26-njy oktýabrda Gruziýanyň paýtagtynda Tbiliside Halkara ýüpek ýoly forumy öz işine başlady.
Çäräniň açylyş dabarasynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili forumyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin oňat bir pursatdygyny aýtdy.
-Gruziýa Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän tebigy köpri bolup, günsaýyn köp ugurly sebit merkezine öwrülýär diýip, ol belledi.
Foruma 60 ýurtdan 2 müňe golaý delegat, şol sanda, ýokary derejeli ýolbaşçylar, halkara guramalarynyň we hususy pudagyň wekilleri gatnaşýar.
Bu forum söwdany ýeňilleşdirmek, elektron söwdany ösdürmek, sanly aragatnaşyk, ulag infrastrukturasy we energiýa ýaly meselelere bagyşlanýar.
Forumyň maksatnamasy, esasan, panel çekişmeleri, Gruziýanyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy we potensial maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagy öz içine alýar.
Ilkinji Tbilisi ýüpek ýoly forumy 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda guralyp, şondan bäri her ýyl geçirilýär, ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli soňky 3 ýylda geçirilmedi.
Tbilisi ýüpek ýoly forumy şu gün öz işini tamamlaýar.