Halkara Yssyk Köl Forumy Türkiýede we Azerbaýjanda Geçirler

Halkara Yssyk Köl Forumy Türkiýede we Azerbaýjanda Geçirler

Dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan gyrgyz ýazyjy Çingiz Aýtmatow tarapyndan gurlan Halkara Yssyk köl forumynyň 5-njisi Türkiýede we Azerbaýjanda geçirler.

Forum topary tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermeginde “Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky Anadoly medeniýeti taslamasynyň” çäginde geçiriljek forumyň Türkiýede we Azerbaýjanda geçiriljekdigi nygtaldy.

Halkara Yssyk köl forumynyň 5-njisiniň açylyş dabarasy 12-nji dekabrda Ankara şäherinde, oturlyşyklaryň bolsa 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 8-9-y aralygynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljekdigi nygtaldy.

Foruma, Türki dilli döwletleriň we goňşy ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşjakdygy we birnäçe oturlyşygyň geçiriljekdigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalyna gatnaşar
Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler
Türki Döwletlerň Gün Tertibindäki Wakalar
Yssykköli zibilden arassaladylar