2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda, “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ählumumy medeniýetini kemala getirmegiň gumanitar ölçegi” atly plenar mejlis geçirildi.
Mejlisi Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, Doktor, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp bardy.
Şeýle-de Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy S.König, BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktorynyň w.w.ý.ý. J.Waleze, onlaýn görnüşde Halkara zähmet guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň direktory O.Kulaýewa öz çykyşlaryny beýan etdiler.
Wideoýüzlenme bilen mejlisde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş sekretary T.Gebreýesus, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ÝUNISEF-iň sebitleýin direktory A.Han, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG BÝKM) Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Sebitleýin direktory I.Ratwatte, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary E.Matoko, şeýle-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlap, T.Gebreýesus özüniň wideoýüzlenmesine dünýä bileleşiginiň ynanyşmaga, parahatçylyga we ählumumy ösüşe gönükdirilen bilelikdäki işi barada gürrüň berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda alyp barýan işleri barada belledi.
J.Waleze öz çykyşynda Ýewropa we MA üçin ministrler derejesinde demografiki durnuklylyk boýunça geçirilen maslahat barada gürrüň berdi.Ol demografiki durnuklylyk konsepsiýasynyň howpsuzlyk, durnuklylyk hem-de ösüş meseleleri bilen berk baglanşyklydygyny nygtady.
BMG-niň Ilat gaznasynyň demografiýa meseleleri babatynda, şol sanda ilat ýazgysynyň geçirilmegi boýunça, demografiki ösüş dessurlaryna düşünmek we olary çaklamak babatynda Türkmenistana goldaw bermäge taýýardygy bellenildi. Şonuň ýaly-da, Döwlet ýaşlar maksatnamasyna hem maslahat beriş goldawlaryny bermäge hem taýýarlyklary beýan edildi.
BSG-nyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen öz çykyşynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň söwdanyň esasy orun eýeleýän netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýändigini belläp geçdi.Ol Türkmenistanyň BSG-na hemişelik agza bolmak üçin arzasyny resmi taýdan bermek baradaky çözgüdiniň Hökümetiň parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň köptaraplaýyn söwda ulgamy tarapyndan has gowy goldanylyp biljekdigine bolan mizemez ynamynyň subutnamasy bolup durýandygyny aýratyn nygtady.