Şu ýylyň 2 — 7-nji oktýabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda Arkadag Serdarly halkyň milli mirasy atly hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanasynyň guramagynda Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň öçmejek nury atly bilelikdäki hepdelik sergisi açyldy.
Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan gözel ülkämizi wasp edýän hala çitilen şekiller, haly we haly önümleri, şeýle-de milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, saz gurallary görkezilýär.
Göçme serginiň guralmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi.