Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy boldy

Halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy boldy

Gadymy Mary topragynda 16-njy noýabrda badalga alan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumynyň jemleýji gününde, ýagny şu gün — 18-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Nesil gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen dabaralara daşary ýurtly myhmanlar, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Teatryň öňünde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary myhmanlary halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň milli aýdym-sazlaryny we tanslaryny ussatlarça ýerine ýetirmek arkaly şowhunly garşyladylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalynda, ilki bilen, ýurdumyzyň birleşen döredijilik toparlarynyň Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly kompozisiýasy görkezildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen döwletimiziň şöhratly geçmişini, baý medeni mirasymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ýaýylyşyny görkezen kompozisiýa köpleriň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan beýik işleri wasp edýän aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Şeýle hem Laçyn folklor toparynyň artistleriniň halk hazynamyzdan — türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirmegi aýratyn ýatda galyjy boldy.

Dostlukly döwletleriň halk we estrada aýdymlaryna giň orun berildi. Saýra bilbil, Baltabaý gazak halk, gyrgyz, täjik estrada, Lazgi özbek halk aýdymlary, Altyn asyr folklor, Margiana, Näzli tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary bilelikdäki dost-doganlyk konsertine gatnaşyjylara lezzet paýlady.

Ýurdumyzyň we dostlukly döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar uly şowhun bilen dowam etdi. Halk heňleriniň döwrebap owazlar bilen utgaşdyrylmagy netijesinde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň baý medeniýetleri, milli sungatlarynyň ýeten derejeleri açylyp görkezildi.

Türkmen däp-dessurlarynyň toý dabarasy arkaly görkezilmegi çuňňur many-mazmuna beslenip, häzirki döwürde milli ýörelgelerimiziň giňden dabaralandyrylýandygyna şaýatlyk etdi. Ýurdumyzyň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmegindäki Küştdepdi tansy bolsa dostluk festiwalyna ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Umuman, medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalyna gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bilelikdäki dost-doganlyk aýdymy dabaranyň jemlenmesine öwrüldi. Bu aýdymy tomaşaçylaryň ör turup ýerine ýetirmekleri biziň ýurtlarymyzy parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýörelgeleriniň has-da ýakynlaşdyrýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

Şeýle hem forumyň dabaraly ýapylyşynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy atly forumyň ýapylyş dabarasy boldy
Ýurdumyzyň teatrlarynda 1 3-nji dekabr aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
22-24-nji noýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň TERTIBI
Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
NÄZLI NAGMALARY
Туркменистан выступит на концерте в Душанбе