Halkara ýaryşlaryň ýeňijileri sylaglandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda iri halkara sport ýaryşlarynda ― Russiýa Federasiýasynyň Wladiwostok şäherinde geçirilen Aziýanyň çagalary atly VII halkara sport oýunlarynda, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, milli parlamentiň palatalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda döwlet Baştutanymyzyň halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagy okaldy.Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Sabina Kasymjanowa, Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň agyr atletika mekdebiniň tälimçisi Gülnabat Kadyrowa, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Kristina Şermetowa, Olimp orta sport mekdebiniň okuwçysy Umyt Kakalyýew, Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Serdar Mämmedow bar.

Türgenlere dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň Wladiwostok şäherinde geçirilen Aziýanyň çagalary VII halkara sport oýunlarynda 13 döwletden 1355 türgen sportuň 19 görnüşi boýunça güýç synanyşdy.Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşlarda jemi 16 medala (2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç) mynasyp boldy.

Türkmen türgenleri, esasan, sportuň ýeňil atletika, erkin göreş, grek-rim göreşi, sambo, kuraş, stol tennisi ýaly görnüşlerinde ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlary hem türkmen sportunyň taryhyny täze ýeňişler bilen bezedi.

Milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri bu iri sport baýramçylygynda jemi 23 medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň medallar gaznasynyň üstüni 4 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç bilen ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň çagalary we Yslam raýdaşlygy oýunlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenleri sylaglanyldy
Halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan türkmenistanly türgenler sylaglandy
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?
Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär
Kuraş 2023: Jumanyýazow bilen Kadyrowa hem ýarymfinala çykdy