Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.

Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.

Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär. Ilki Birleşen Arap Emirlikleri bilen 35 milliard dollarlyk maýa goýum şertnamasy baglaşyldy. Yzy ýanyndan Halkara pul gaznasy bilen täze karz şertnamasy baglaşyldy. Bütin dünýä banky bilen ÝB hem yzly yzyna Müsüre goldaw berýändiklerini mälim etdi.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunyň tema baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Müsüriň ykdysadyýeti uzak ýyllardan bäri uly çökgünligi başdan geçirýär.Abdül Fettah al Sisiniň häkimiýet başyna geçen gününden bäri ýurduň ykdysadyýeti çökgünligini dowam etdirýär.Harby goşunyň gözegçiliginde bolan ykdysady çeşmeler tygşytly sarp edilmedi.

Goranyş pudagy üçin daşary ýurtlardan satyn alynan harby enjamlar sebäpli ýurduň bergisi gün saýyn artdy. Ýurduň daşarky söwda ýetmezçiliginiň artandygy sebäpli bergisi 160 milliard dollara çenli baryp ýetdi.Daşardan gelen swaplar bilen Merkezi bank öz işini dowam etdirýärdi, emma karzlaryň tölenmegi meselesinde uly kynçylyk başdan geçirilýärdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri we hüjümleriň sebit ýurtlaryna ýetirýän täsiri Müsüriň ykdysady çökgünligini açyk aýdyň görkezdi. Ýurtdaky makro ykdysady dinamikalar bakrodyň bosagasyna çenli gelýär.Müsüriň halky üçin bu ýagdaý has-da agyrdy.

Halkyň satyn alma güýji gün saýyn azalýar we esasy zerurlyklaryň kanagatlandyrylmagy hem uly mesele ýagdaýa gelýär. Ýüz milliondan geçýän Müsüriň ilaty hem ýyl 1 milliondan gowrak artýar we jemgyýetde gahar gazabyň artmagyna sebäp bolýar.

Şeýle konýekturada Müsüriň ykdysady bankrodyň bosagasyna çenli gelenden soň ahyry halkara etap başladylýar we Müsüriň ykdysadyýetine daşardan goldaw berilmäge başlanýar. İlki Birleşen Arap Emirlikleri ýurduň demirgazyk kenaýarynda ýerleşýän Rasül Hikme şäherine 35 milliard dollarlyk maýa goýumyň goýulmagy barada karar kabul edýär we Müsüre walýuta girmäge başlaýar.

Müsüriň topraklarynyň satylýandygy baradaky tankydy belliklere garamazdan Sisiniň hökümeti şertnamadan diýseň hoşal.Bu maýa goýum Misüriň walýuta ätiýajy we bergilerini bermegi taýdan möhüm.Yzy ýanynda Halkara pul gaznasy herekete geçdi we Müsüre walýuta kurslarynyň dewalwasiýa edilmegi bilen birlikde käbir şertleriniň ýerine ýetirilmegi şerti bilen karz pulyň berilmegi barada karar kabul etdi.

Bütin dünýä banky bilen ÝB hem Müsüre milliardlarça dollarlyk kömek bukjasynyň beriljekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Sisiniň Ankara Sapary
Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi