26-njy noýabrda paýtagtymyzda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Söwda-senagat edarasynda geçirilýän halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşýar. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda Fly Dubai, “Cargo Lux”, “Lufthansa Consulting” ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar.
Interaktiw sergide ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanylanlar, netijeli we ekologik taýdan arassa logistika üçin çözgütler, döwrebap ulag ulgamlarynyň we enjamlarynyň ähli görnüşleri, ýük, ýolagçy daşamak boýunça hyzmatlar, dolandyryş ulgamlary, ulag we logistika üçin maglumat hem hyzmat ulgamlary görkezilýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri bilen tanyşdyrýan bölüm sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman tejribesini ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, aragatnaşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň pawilýonlarynda bu ugurda gazanylýan üstünlikler giňişleýin beýan edilýär.
Plenar mejlis geçirildi
Günüň ikinji ýarymynda halkara maslahatyň işi plenar mejlis bilen dowam etdi.Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ugurdaş düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.Mejlisde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri beýan edildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto çykyşynda durnukly ulag arabaglanyşygyna bagyşlanan bu maslahata gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny we ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Üstaşyr ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary artdyrýar diýip, Umberto de Pretto belledi we Türkmenistanda bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň türkmen ulag operatorlaryna halkara bazarlara çykmaga, olaryň işini ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç şu ýyl Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.Bu şanly sene Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň jogapkär wekilleriniň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen 38-nji mejlisine gabat geldi.
Hyzmatdaşlyk döwründe biz Ýewraziýa yklymynda birnäçe başlangyçlary amala aşyrdyk we bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirmek isleýärin diýip, M.Antonowiç aýtdy.
Çykyş edenler şu gezekki forumyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini giňden görkezjekdigine ynam bildirdiler. Soňra forum “Ulag-üstaşyr geçelgeleri we intermodal baglanyşyk”, “Durnukly ulag ulgamlaryny maliýeleşdirmek” atly bölümçelerde dowam etdi.
Şol gün forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly ýol howpsuzlygy boýunça çäresi hem geçirildi. Çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we döwrebap infrastrukturanyň döredilmegine saldamly goşant goşýar. Döwrebap ulag düzümleri ählumumy durnukly ösüşiň, ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň we ýükleri awtoulaglar arkaly howpsuz daşamagyň möhüm şerti bolup durýar.
Forum öz işini bu gün hem dowam eder.