Şu gün 3-nji maýda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy.
Iki günlük halkara forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde guralýar.
Halkara sergä ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda awiasiýa, logistika, deňiz-derýa we demir ýol gatnawy, çaparçylyk hyzmaty ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar gatnaşýar. Şeýle hem halkara maslahata we sergä bu ugurda iş alyp barýan daşary ýurtly edara-kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gelipdirler.
Sergä Vitol, Meno Logistics, Boeing, Airbus, Dragon Oil, Fly Dubai, Cargo Lux halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri gatnaşýar. Şeýle hem ýurdumyzda iş alyp barýan ýer we halkara awiasiýa, logistika kompaniýalaryň diwarlyklary bar.
Söwda-senagat edarasynyň ýörite meýdançasynda dürli ulaglary, şol sanda elektrik enerigiýasy bilen işleýän ulaglary we awtobuslary hem görmek bolýar.