Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

3-4-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2023 atly II halkara maslahat we sergi geçirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmen Forum hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guran forumyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Halkara foruma Vitol, Meno Logistics, Boeing, Dragon Oil, Fly Dubai, Airbus, Cargolux, Lufthansa Consulting ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň, Halkara gämiçilik edarasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara ulag forumynyň, USAID Central Asia maksatnamasynyň, Merkezi Aziýadaky Korollyk logistika we ulag institutynyň wekilhanasynyň wekilleri we başga-da köp sanly hünärmenler, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, logistika kompaniýalary, talyplar gatnaşdylar.

Söwdany ýönekeýleşdirmek boýunça sebitiň ýurtlarynyň kuwwatlyklaryny hem-de erkin senagat zolaklarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, halkara kommunikasiýalarda milli ulag kärhanalarynyň işine ýardam bermek, ýurdumyzyň döwlet edaralary, iri logistika institutlary bilen ulag-logistika ulgamlarynda ýöriteleşen halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak utgaşykly görnüşde geçirilen maslahatyň we serginiň esasy maksadydyr.

Sergide iri senagat kärhanalary, ulag-logistika merkezleri, ulag serişdelerini öndürijiler, logistika merkezlerini enjamlar bilen üpjün edýän kärhanalar, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, elektron söwda ulgamyndaky IT kompaniýalar, GDA-nyň, ýakyn we alysdaky daşary ýurtlaryň deňiz portlary, howa menzilleri, demir ýol ulagy edaralary öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler.

Mundan başga-da, sergidäki diwarlyklarda döwrebap ulag ulgamlarynyň we enjamlarynyň ähli görnüşleri, ulag kommunikasiýalarynyň dürli görnüşleriniň gurluşygyny taslamalaşdyrmak, abatlamak we hyzmat etmek üçin tehnologiýalar, tehnikalar, ýük we ýolagçy daşamak boýunça hyzmatlar, dolandyryş ulgamlary, ulag-logistika üçin maglumat we hyzmat ulgamlarynyň gazananlary görkezildi.

Ýurdumyzyň ulag-logistika düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi, howpsuzlygy berkitmek işinde giň mümkinçilikleri açýar.Bu bolsa asyrlaryň dowamynda ýurtlarydyr halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde dikeldilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenawtoulaglary, Türkmendemirýollary, Türkmendeňizderýaýollary, Türkmenhowaýollary, Türkmenaragatnaşyk agentlikleriniň ýokary netijeli ulag düzümleriniň döredilendigini açyp görkezýän köp sanly diwarlyklary munuň aýdyň subutnamasydyr.Bu düzümler ýük we ýolagçy daşamaga bolan islegleri kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň logistika kärhanalarynyň içerki we daşarky bazarlardaky amala aşyrýan işleriniň, hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, maýa goýum işjeňligi üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Serginiň çäklerinde Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody önümçilik ulgamynyň tehnologik ugurlaryny görkezdi. Ýurdumyzda täze döredilen we netijeli iş alyp barýan bu kärhana milli gämi gurluşyk ugruny ösdürmek üçin esasy binýat bolup durýar.

Şol bir wagtyň özünde, bu kärhanada gämileri gurnamak we tankerleri, gury ýük gämilerini, gämi tirkeglerini abatlamak işleri doly amala aşyrylýar. Şeýle hem sergide Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy hojalyk jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Deňiz söwda floty ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary görkezildi.

Häzirki zaman mahabat hem-de beýleki täzeçil enjamlar bilen üpjün edilen bölümlerde guralan serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Şeýlelikde, Türkmenawtoýollary agentliginiň wekilleriniň Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary bilen geçiren duşuşygynda pandemiýadan soňky döwürde ulag we logistika ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenildi.

Giň möçberli çäräniň dowamynda döwlet edaralarynyň, deňiz, howa we gury ýer ulaglary boýunça ýöriteleşen edaralaryň ýolbaşçylarynyň BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň degişli ulag düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň dowamynda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň türkmen talyplary bilen duşuşygy guraldy. Duşuşygyň dowamynda ýaşlara BMG-niň we onuň ýurdumyzda işleýän düzümleriniň alyp barýan işi barada giňişleýin maglumat berildi.

3-nji maýda günüň ikinji ýarymynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2023 atly II halkara maslahat öz işine başlady. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň alymlary, bilermenler, işewürler çykyş etdiler. Maslahatda onlaýn görnüşdäki çykyşlara hem orun berildi.

Halkara maslahatyň maksatnamasy Halkara ulag we logistika: wehimler we mümkinçilikler atly plenar mejlisi, Häzirki zaman ykdysadyýetiniň ulag-logistika taýdan özara baglanyşygy, Söwda we logistikada sanlylaşdyrmak boýunça iň täze çemeleşmeler, Söwda we senagat: ösüş we hyzmatdaşlyk, Ulag-logistika düzüminiň arabaglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy gatnaşyklaryň orny, Ulag-logistika ulgamynda innowasion tehnologiýalar, ylym we bilim geljege nazar atly bäş mejlisi öz içine alýar.

Plenar mejlisiň dowamynda sanly ulgam arkaly BMG-niň AziýaÝuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Demir ýollaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Halkara maslahatda çykyş edenler bu maslahatyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.Ulag ulgamynyň täzeçil usullaryna geçilýän şertlerde ykdysady ösüşiň möhüm şertini üpjün etmek örän ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar.

Ol halkara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär, tebigy serişdeleri peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we telekeçiligiň ösdürilmegini şertlendirýär.Geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ulag hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň häzirki ýagdaýy, ýük akymlarynyň çägi we onuň ösüşi, ulaglaryň ähli görnüşiniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berdiler. Şeýle hem Ýewraziýa giňişligine aralaşmak şertlerinde Türkmenistanyň awtomobil we howa ulaglarynyň, üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara gatnawlaryň çägini köpugurly esasda ösdürmek, logistik çykdajylary nazara almak bilen, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek ýaly ugurlar häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Halkara maslahatyň ikinji gününde söwda we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-logistika düzümleriniň ösdürilmeginde döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag ulgamynda ylym we bilim ýaly möhüm ugurlar, bu pudaklarda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly meselelere garaldy.

Maslahatyň çäklerinde Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek, AziýaÝuwaş umman sebitiniň ýurtlary HytaýGyrgyzystanÖzbegistanTürkmenistanAzerbaýjanGruziýaTürkiýeÝewropa halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän CASCA+ multimodal ulag ugry taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, onuň netijeli görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine sebitleýin, ählumumy çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk