Halkara üstaşyr ulag ulgamlaryna bagyşlanan maslahat we sergi

26-27-nji noýabrda paýtagtymyzda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş 2024 atly halkara maslahat we sergi geçirildi.

Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara foruma dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Şeýle-de myhmanlaryň arasynda Fly Dubai, Cargo Lux, Lufthansa Consulting ýaly halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň (OSJD) we beýlekileriň wekilleri bar.

Interaktiw sergide ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanylanlar, netijeli we ekologik taýdan arassa logistika üçin çözgütler, döwrebap ulag ulgamlarynyň we enjamlarynyň ähli görnüşleri, ýük, ýolagçy daşamak boýunça hyzmatlar, dolandyryş ulgamlary, ulag we logistika üçin maglumat we hyzmat ulgamlary görkezilýär.

Türkmenawtoulaglary, Türkmendemirýollary, Türkmendeňizderýaýollary, Türkmenhowaýollary, Türkmenaragatnaşyk agentlikleriniň pawilýonlarynda bu ugurda gazanylýan üstünlikler giňişleýin beýan edilýär.

Halkara maslahat geçirildi

Halkara maslahatda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ugurdaş düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.Mejlisde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri beýan edildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk pudagynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto çykyşynda durnukly ulag arabaglanyşygyna bagyşlanan bu maslahata gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny we ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Üstaşyr ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy işewür toparlary bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalary artdyrýar.

Umberto de Pretto Türkmenistanda bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň türkmen ulag operatorlaryna halkara bazarlara çykmaga, olaryň işini ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç şu ýyl Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolmagyna 30 ýyl dolýandygyny belledi.Bu şanly sene Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň jogapkär wekilleriniň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen 38-nji mejlisine gabat geldi.

Hyzmatdaşlyk döwründe biz Ýewraziýa yklymynda birnäçe başlangyçlary amala aşyrdyk we bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirmek isleýärin diýip, M.Antonowiç aýtdy.

Çykyş edenler şu gezekki forumyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berjekdigine, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag ulgamlaryndaky ähmiýetini giňden görkezjekdigine ynam bildirdiler. Soňra forum Ulag-üstaşyr geçelgeleri we intermodal baglanyşyk, Durnukly ulag ulgamlaryny maliýeleşdirmek atly bölümçelerde dowam etdi.

Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Hemmeler üçin howpsuz ýollar atly ýol howpsuzlygy boýunça çäresi hem geçirildi. Çäräniň dowamynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we döwrebap infrastrukturanyň döredilmegine saldamly goşant goşýar.

Döwrebap ulag düzümleri ählumumy durnukly ösüşiň, ykdysady taýdan ýakynlaşmagyň we ýükleri awtoulaglar arkaly howpsuz daşamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Durnukly ulagyň dostlary

toparynyň ikinji ministrler

maslahaty

Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili bir ýere jemlän forumyň jemleýji gününde BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ulagyň dostlary toparynyň işini has-da kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine, oňa goşulmak islegini mälim eden täze agza ýurtlary kabul etmek meselesine garadylar.Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji we 2023-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag boýunça Kararnamalarda berkidilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem aýratyn üns merkezinde boldy.

Toparyň ikinji ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Jemleýji Jarnama kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahat we sergi
Halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Milli Liderimiziň amala aşyrýan açyk gapylar syýasatyna eýerip
Türkmenistan bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarly
ТУРКМЕНИСТАН И МЕЖДУНАРОДНЫЙ СОЮЗ АВТОМОБИЛЬНОГО ТРАНСПОРТА НАМЕРЕНЫ РАСШИРЯТЬ СОТРУДНИЧЕСТВО