Halkara teleýaýlymlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Halkara teleýaýlymlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi

Aşgabatda geçirilen halkara media forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrow bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklarda taraplar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Belarus 24 halkara teleýaýlymynyň ýolbaşçylary, Russia Today halkara teleýaýlymynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän halkara forumyň ýokary derejede guralandygyny bellediler. Myhmanlar öz gezeginde gurama we foruma gatnaşmak mümkinçiligi üçin minnetdarlyk bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Russia Today Documentary teleýaýlymy Türkmenistanda dokumental film surata düşürýär
Kino sungatynyň baýramy
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy
RUSSIA TODAY DOCUMENTARY AHALTEKE BEDEWLERI HAKYNDA FILMI SURATA DÜŞÜRÝÄR