Ozal hem habar berşimiz ýaly, 14 — 16-njy noýabr aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Bagtyýar döwürde teatr sungaty atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Halkara festiwalda türkmen teatrlarynyň döredijilik toparlary bilen birlikde, dünýäniň birnäçe ýurdundan geljek teatrlaryň artistleri özleriniň sahna eserleri bilen çykyş ederler.
Halkara teatr festiwalynyň dowam edýän günleri Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş eder.
Türkmen teatr artistleriniň halkara festiwalda görkezjek sahna oýny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda 15-nji noýabrda görkeziler. Oýun 15:00-da başlanar.
Sahna eseri barada gysgaça belläp geçsek, spektaklda siwilizasiýadan alysda ýaşap ýören tokaýçylar obasynda bolup geçýän dartgynly waka beýan edilýär.Nurgazy betbagt Mömin gojanyň agtygy.Ol eje-kaka mährinden jyda düşen, ejeli ýetim, kakaly ýesir çaga!
Oňa dost gerek, hossar gerek, howandar gerek!Onuň bilen gürleşýän ýok, oňa seniň kakaň Yssykkölde ýüzüp ýören ak gäminiň matrosy diýip ynandyrypdyrlar.Arzuwçyl, hyýalbent oglan, hiç bolmanda, balyga öwrülip kakasy bilen duşuşmak arzuwynda ýaşaýar.
Onuň kakasy hakda ajaýyp ertekisi bar.Ol ertekiler dünýäsinde ýaşaýar.Mömin gojanyň ikinji gyzy Bekeýiň çagasy bolanok.Onuň adamsy - tokaý hojalygynyň gözegçisi Orazkul perzentsiz geçip barýanyny aýalyndan görýär.
Ol içýär, mydama şagal mesligini edýär, häli-şindi kemmagal aýalyny urýar!Sebäbi oňa perzent gerek!Ol ogryn-dogryn agaç satýar, pullanýar, ýöne öýe pul däl-de, ahy efgan, dady-perýat gelýär!