Halkara teatr festiwaly: sözsoňy

Teatr durmuşyň aýnasy - diýen ýörgünli söz bar.Teatr durmuşymyza batyrgaý ideýalar berip we dünýagarýşymyzyň çäginden çykmaga ýardam edip, durmuşymyzy üýtgedýär diýip onuň üstüni ýetiresim gelýär.Aşgabat halkara teatr festiwalynda dürli stildäki we görnüşli, nusgawy ýörelegelere eýerilen ýa-da üýtgeşikligi bilen haýran edýän, döwrebap şekillendirilen ertekiler we erteki kysmy hakykat, gussaly komediýalar we durmuşa höwes döredýän tragediýalar, eposlaryň häzirki döwrüň meselelerini gozgaýan gahrymanlary we çeper utopiýa, jan giren kölegeler we kölegä siňen durmuş ýaly her hili röwüşli spektakllar görkezildi.

Festiwalda görkezilen işlere syn edeniňde häzirki zaman teatrynyň medeniýetleriň özara gatnaşygynyň we batyrgaý döredijilik synaglarynyň allegoriýasy hökmünde çykyş edýändigini, ýörelgeleriň we täzeçil çözgütleriň sazlaşykly utgaşýan, tejribä hormat goýlup, improwizasiýalar goldanylýan özboluşly üýtgeşik we täzeçillikli pikirleriň jemlenýän ýeridigine göz ýetirýärsiň.

Festiwalyň her güni açyşlara beslendi...Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda türkmen-italýan toparynyň bilelikde goýan Masgarabazlar operasy milli teatr sungatyny ösdürmekde möhüm ädim hökmünde ýatdan çykmajak waka boldy. Žibek, Leýli-Mejnun, Sanaan we beýleki işlerde söýgi hem-de hilegärlik temasy gozgalýar.

Bagt guşy we Ümsümligiň syry spektakllary durmuşyň waspy bolup kabul edildi.Häzir söýginiň wagty däl oýnunyň gahrymanlary çuň manylygy bilen ýatda galdy.Baky rowaýatlar, Geçi we goýun, Kim günäli?, Guwa-gazlar, Pop we onuň hyzmatkäri Aňkaw hakda we beýleki ertekileriň gahrymanlary durmuş hem söýgi barada özboluşly pikir ýöredýärler.

Kerwen wakalary, Serçe we skripka üçin sýuita, Padarkuş, Söýgi hakda kitap spektakllarynda maşgala gymmatlyklary temasy gozgalýar.Binýat, Magtymguly, Gorkut atanyň bir demi, Domrul işlerinde milli mirasa we ruhy gymmatlyklara sarpa goýmagyň wajyplygy barada pikir öňe sürülýär.

Festiwala gatnaşanlar özünde galan täsirleri şeýle beýan etdiler.Mustafa Gurt, Stambul döwlet teatrynyň artisti we režisýory: -Festiwal açyklygy we myhmansöýerligi bilen ýatda galdy.Gynansagam, Gorkut atanyň bir demi spektaklymyzy görkezmek üçin sahna öwrenişjek bolup kärdeşlerimiziň işlerini görüp ýetişmedik.

Görenlerimizden Estoniýanyň R.А.А.А.М teatrynyň Häzir söýgüniň wagty däl spektaklynda režisýoryň we aktýorlaryň işlerine haýran galdyk.Liza Holland, ABŞ-ly aktrisa, Theater simple: -Ajaýyp festiwal!

Biz başardygymyzça köp spektakal tomaşa etmäge çalyşdyk. Ýöne olaryň haýsysynyň beýlekilerden saýry gelendigini aýdyp biljek däl.Işleriň ählisem üýtgeşikden zehinli.Forumyň ajap guralandygyny we myhmansöýerlik ruhuny belläsim gelýär, şonuň üçinem biz özümizi edil öýümizde ýaly erkin duýduk.

Allan Kaldoýa, Estoniýanyň R.А.А.А.М teatrynyň Häzir söýgüniň wagty däl spektaklynyň prodýuseri: -Biz festiwala filosofik manyly spektakl getirdik, şonuň üçinem sowalyňyza filosofik äheňde jogap bermekçi.Dürli ýurtlaryň teatrlary bilen duşuşyk biziň tapawutly ýerimizden umumylygymyzyň kändigini görkezdi.

Festiwal açyklygy, birek-birege sarpasy, hoşamaýlygy bilen döredijilik dilinde gürleýänler üçin dilleriň ýa-da medeniýetleriň arasynda böwet ýokdugyny subut edýär.Gynansamam, spektakllaryň hemmesini görüp bilmedim, ýöne görenlerimden Domrul spektakly sahnada beýan edilişi, göwrümli manysy bilen ýarady.

Bu eser groteskiň gyzyklandyryjy ştrihleri bilen sazlaşykly bütewi gurluşly spektakl. Ýusup Faýziýew, Özbegistan döwlet satira teatrynyň artisti we režisýory: -Meniň pikirime görä, festiwalda esasy zat dostluk we özara düşünişmek ruhy.

Sahna gullukçysy hökmünde men eston teatrynyň Häzir söýgüniň wagty däl spektaklyny, ozaly bilen, filosofiýa ýugrulan dramaturgyýanyň sahnada beýan edilişi üçin haladym.Gysby sahna bezegi, döwrebap anturaž, aktýorlaryň sazlaşykly oýny, meniň pikirime görä, pýesanyň mazmunyny häzirki zaman tomaşaçysyna düşnükli edýär.

Gahrymanlaryň biriniň Uruş hat-da dirilerem öldürýär diýen çuň manyly sözi mende uly täsir galdyrdy ömrüň bibahalygy barada diňe sungat dilinde şeýle sadadan ýürege ýakyn aýdyp bolar.Darýa Gololobowa, Kiýewiň akademiki gurjak teatrynyň artisti: -Baýram üçin sag boluň!

Biz entek Aşgabatdaky ýaly myhmansöýerlige gabat gelmändik!Türkmenistanlylar, siz çagalaryňyza gowy terbiýe berýärsiňiz! Çagalar biziň spektaklymyza gymyldaman tomaşa etdiler.Bu çaga tomaşaçylar üçin gaty seýrek duşýan ýagdaý.

Festiwalda tomaşa edenlerimden Müdimi rowaýatlar türkmen çagalar spektaklyny hem-de Žibek gazak mýuziklini hasam gowy gördüm.Aýmämmet Işangulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň käfedra müdiri: -Dürli temalaryň sahnada her hili beýan edilşi häzirki zaman teatr sungatynyň ösüş ugurlaryna düşünmek üçin gymmatlydyr.

Bize 12 ýurduň döredijilik toparlarynyň haýsy ideýa gulluk edýändigini bilmek, tejribe alyşmak, teatrlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak miýesser etdi.Gören spektakllarymdan Žibek mýuzikli mende üýtgeşik täsir galdyrdy.

Dogrusy, Festiwal jebislik ruhy, nepis we çeper sungat dili bilen ýatda galdy.

Ýene degişli makalalar

19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Žibek gazak eposy häzirki döwrüň sungat dilinde
Daşary ýurtly teatrlaryň meşhurlygy, kino görmek mejburlygy. Aşgabadyň medeni durmuşynyň aýratynlyklary
Türkmenfilm Gorkut ata eposy esasynda film surata düşürýär
Türkmen teatrlary Kazanda geçiriljek Nauruz-2025 halkara festiwalyna gatnaşmaga çagyrylýar