Halkara tans güni

Her ýylyň 29-njy apreli Halkara tans güni hökmünde bellenilýär. Bu sene 1982-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Halkara tans geňeşiniň başlangyjy bilen döredilýär. Tans güni rus horeografy Pýotr Gusewiň teklibi bilen fransuz balet tansçysy, koreografy Žan-Žorž Nowerriň doglan gününde bellenilýär. Nower häzirki zaman baletiniň atasy hökmünde tanalýar.

Bu baýramçylygyň esasy maksady tansyň ähli ugurlaryny sungatyň bir görnüşi hökmünde birleşdirmekdedir. Bu sene tutuş tans dünýäsi opera we balet, teatr toparlary, häzirki zaman tans toparlary, halk tans assambleýalary, ussat we höwesjeň sungat işgärleri üçin hünär baýramçylygydyr.

Her ýylda horeograflaryň ýa-da tansçylaryň biri bütin dünýä aýradyljak Ýüztutma ýazmagy üçin çagyrylýar. Ýüztutmany ýazjak adam Dünýä tans hyzmatdaşlygy (“World Dance Alliance”) we Halkara teatr institutynyň Halkara tans geňeşi bilen bilelikde Halkara tans gününi esaslandyryjy gurama tarapyndan kesgitlenýär.

Bu baýramçylygyň esasy maksady ähli medeni we etniki tapawutlyklara garamazdan, hemmäniň düşünýän “dili” bolan tans arkaly adamlary bir ýere jemlemekden ybarat.

Aýjemal ORAZOWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Bilelikdäki fond dörediler
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR
Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasy
ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI
Lukman gelinlik atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi bolar
Howa arkaly energiýa geçirer