2022-nji ýylyň 13-nji martynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi.
Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.
Wekillikleriň ýolbaşçylary ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, üstünlikli, giň bäsdeşlik esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.
Brifinglerde bellenilişi ýaly, bu saýlaw möwsümine halkara synçylaryň çagyrylmagy saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendigini görkezýär.
Synçylar öz işlerinde syýasy bitaraplyk, içerki işlere goşulmazlyk, bolýan döwletiniň kanunlaryny berjaý etmek, saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelere, olaryň guramaçylyk işine hem-de saýlawlaryň barşyna baha bermekde dogruçyl bolmak ýörelgelerinden ugur aldylar.
Prezident saýlawlaryna üç partiýadan hem-de raýatlaryň teklipçi toparlaryndan dalaşgärleriň gatnaşandygy barada aýratyn aýdyldy. Wekillikleriň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzda syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Wekillikleriň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümde alyp baran işlerini bellediler. Mälim bolşy ýaly, saýlaw möwsüminiň ilkinji günlerinden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň metbugat hem-de elektron neşirlerinde, milli telewideniýede ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgärleriň hödürlenilmegi, bellige alynmagy we saýlawçylar bilen duşuşyklary, Merkezi saýlaw toparynyň alyp baran guramaçylyk işi bilen bagly wakalar yzygiderli beýan edildi.
Şeýle hem Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň arassaçylyk kadalarynyň doly berjaý edilmeginde, asuda we parahat ýagdaýda geçendigi nygtaldy. Saýlawlaryň deslapky netijeleri türkmen halkynyň parahatçylyk, durnuklylyk, Türkmenistany öňde goýlan belent maksatlara ýetirmek ugrunda okgunly hereket etmäge gönükdirilen ugur üçin ses berendigini tassyklaýar.
Synçylaryň belleýşi ýaly, şu saýlawlaryň dowamynda Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Şunuň bilen birlikde, wekillikleriň agzalary 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň Türkmenistanda demokratiýany mundan beýläk-de dabaralandyrmagyň ýolunda ädilen möhüm ädim bolandygyny bellediler.