Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar

Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar

13-nji martda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligine agzalaryň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň brifinglerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine gözegçiligiň netijeleri yglan edildi. Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar.

Wekillikleriň ýolbaşçylary ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna hem-de Merkezi saýlaw toparyna döwlet durmuşynyň wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäresine gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, üstünlikli, giň bäsdeşlik esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.

Brifinglerde bellenilişi ýaly, bu saýlaw möwsümine halkara synçylaryň çagyrylmagy saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde geçirilen brifingde Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary
“TÜRKMENISTANY TEMMÄKIDEN AZAT ÝURDA ÖWÜRMEK BOÝUNÇA 2022-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN MILLI MAKSATNAMASYNYŇ” KABUL EDILMEGI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI