Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda kabul edildi

1-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Halkara söwda merkeziniň halkara bilermenleri hanym Adelina Harunzhene, jenap Alekseý Bondarenko hem-de bu Guramanyň Türkmenistandaky wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Halkara Söwda Merkeziniň “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygyny we integrasiýany ýokarlandyrmak” taslamasyna şu ýylyň başynda badalga berildi. Bu taslama, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna girmek prosesinde goldaw bermek üçin döredildi.

Agzalan taslamanyň gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek bilen bagly böleginiň ýerine ýetirilişi duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy tema boldy. Taraplar, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak, töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamynyň ulanylyşy boýunça okuw çärelerini gurnamak, elektron nobatlarynyň dolandyryş ulgamyny (eQMS) ornaşdyrmak ýaly ugurlaryň üstünde durup geçdiler, şol bir wagtda geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Halkara söwda merkeziniň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri üçin Bütindünýä söwda guramasynyň Söwdany ýeňilleşdirmek baradaky ylalaşygy we Söwda ýeňilleşdirmek boýunça milli komiteti diýen düşünjesi boýunça üç günlük okuw çäresiniň meýilleşdirilendigi hem bellenilip geçildi.

Çeşme: customs.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär
Bagdatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşini bellemek dabarasy geçirildi
Aýdymçy Adel konsertiniň yza süýşürilendigi üçin muşdaklaryndan ötünç sorady
Halkara bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi
Amir Abdullahian: Eýran Yrakdaky durnuklylygy hemişe garşylaýar