HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary işjeňleşdirmek meselesine halkara jemgyýetçiliginiň öňünde durýan ilkinji wezipeleriň biri hökmünde garaýandygyny nygtady. Bu prosesde Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň köptaraplaýyn ýaragsyzlanmak mehanizmleri esasy orny eýeleýändigi bellenildi.

Sebit derejesinde bolsa Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaraglardan erkin zolagy döretmek baradaky Ylalaşygy mundan beýläk-de ilerletmekde we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmekde esasy orny eýeleýändigi nygtaldy. 2009-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda Aşgabatda Ylalaşyga gatnaşyjy döwletleriniň birinji konsultatiw duşuşygynda bu Ylalaşygyň düýbi tutuldy.

Şeýle-de maslahata Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo, Ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk boýunça Wena merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Ýelena Sokowa, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça Merkeziniň direktory Tuula Ýurýola, şeýle hem BMG-niň agza döwletleriniň bu Bütindünýä guramasynyň Wenadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri, ÝHHG-niň, Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça guramasynyň we beýleki abraýly guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ýaragsyzlanmak boýunça işjeň pikir alşyldy. Ýaraglara global gözegçilik ulgamynyň güýçlendirilmeginiň, ýaragsyzlanmagyň we ýaýratmazlygyň üpjün edilmeginiň zerurlygy bellenildi.

Gatnaşyjylar şeýle hem ynanyşmak we özara düşünişmäge esaslanýan global we sebit derejelerindäki gepleşikleri we syýasy gatnaşyklary ilerletmegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

Şunuň bilen baglylykda, bu prosesde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürýän köptaraplaýyn tagallalarynyň aýratyn orny nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Penjiräni nähili arassalamaly?
Türkmenistan ýaragsyzlanmagyň meseleleri boýunça halkara maslahat geçirdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Peskow: “ABŞ-nyň Russiýany Günäkärlemesi Ýerliksiz”
Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi