Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, dabara tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly, Taryhy we Geologiýa muzeýlerine aýlanyp gördüler. Olar muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Magtymguly muzeýinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşyna, döredijiligine we XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşyna bagyşlanan, onuň döredilmeginde we gymmatlyklar bilen baýlaşmagynda alymlaryň, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň professor-mugallymlarynyň bitiren hyzmatlary, şahyryň syýahat eden ýurtlarynyň kartasy, akyldaryň ýaşan obasynyň we bilim alan ojaklarynyň taslamalary barada maglumatlar bar. Şeýle hem bu ýerde Magtymguly Pyragynyň dürli döwürlerde, birnäçe dillerde neşir edilen kitaplary, eserleriniň daşbasma nusgalary we gadymy edebiýatlaryň golýazmalary, söz ussady barada ýazylan köp sanly çeper eserler, ylmy işler ýerleşdirilipdir.
Dabara gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly seneleri bilen baglanyşykly şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda täze neşirler, şeýle hem taryhy maglumatlar ýerleşdirilen gymmatlyklar barada gürrüň berildi.
Şeýle-de muzeýde şahyryň goşgularynyň dürli dillerde çeper okalmagy, goşgy boýunça gysgajyk sahna oýnunyň ýerine ýetirilmegi myhmanlarda özbolşuly täsir galdyrdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryhy muzeýinde uniwersitetiň pedagogik institut hökmünde döredilen gününden bäri şöhratly taryhy, uniwersiteti dürli ýyllarda tamamlan görnükli şahsyýetleriň durmuş we zähmet ýoly baradaky maglumatlar, olaryň neşir işleri, Gahryman Arkadagyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gelmegi bilen bagly wakalar, türkmen halkynyň Milli Lideriniň dürli dillerde çap edilen eserleri ýerleşdirilipdir.
Bu ýerde muzeýiň uniwersitetiň häzirki zaman taryhyny beýan edýän gymmatlyklar, Geologiýa muzeýinde dürli görnüşli minerallaryň, magdanlaryň we daşlaşan jisimleriň nusgalyklary, minerallaryň we magdanlaryň 1200-den gowrak nusgalygy saklanýandygy barada täsirler gürrüňler edildi.
Muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmak myhmanlarda gyzyklanmalar döredip, olar boýunça sowal-jogaplar alşyldy diýlip, habarda bellenilýär.