HALKARA MILLI MEDENIÝETLER FESTIWALY

HALKARA MILLI MEDENIÝETLER FESTIWALY

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa we Galkynyş tans topary Kazandaky Gündogar bazarynda halkara milli medeniýetler festiwalynda çykyş eder.

Festiwal 21 — 27-nji oktýabr aralygynda Kazanda geçiriler.

Kazandaky Gündogar bazary Russiýanyň ilkinji iri halkara aýdym-saz festiwaly bolup, onuň esasy maksady milletara we döwletara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, türki we gündogar halklarynyň medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmekden we türki halklaryň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmekden ybaratdyr.

Türkmen sungat ussatlarynyň çykyş etjek festiwalynyň gala konserti 27-nji oktýabrda Kazan şäherindäki Piramida medeni-dynç alyş toplumynda bolar.

Geçen ýyl Kazandaky Gündogar bazary atly festiwalyň gala konsertine Türkmenistandan Güneş aýdym-saz topary gatnaşypdy.

Ýene degişli makalalar

Galkynyş tans topary hem-de Züleýha Kakaýewa Kazandaky Gündogar bazary festiwalynda çykyş etdiler
Türkmen sungat ussatlary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler
Ýyldyz aýdymçylara SMS arkaly ses bermeklik başlady
AŞGABAT AZIADASYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY