Halkara meridian maslahaty geçirilýär

1884-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda Halkara meridian maslahaty geçirilýär.Maslahatda Grinwiç ortaça wagty (Greenwich Mean Time/GMT) girizilýär. Şeýlelikde ýer ýüzi Londonyň Grinwiç etrabyndaky adybir obserwatoriýanyň ýerleşýän ýeri nolunjy meridian diýlip kabul edilip, 24 sany halkara wagt guşaklygy döredilýär.

Maslahat halkara wagty sazlamak üçin haýsy meridiana esaslanmalydygyny kesgitlemek maksady bilen, ABŞ-nyň Prezidenti Çester Alan Arturyň başlangyjy bilen geçirilýär.Maslahatda, esasan, wagty hasaplamakda haýsy meridiana esaslanmalydygyna we nolunjy meridianyň haýsysy bolmalydygyna garalýar.

Şol döwürler halkara söwdanyň şeýle hem demir ýol we gämi gatnawynyň artmagy bilen wagty hasaplamakda käbir düşünişmezlikler ýüze çykýar.Uzak aralyga demirýol gatnawlary ýola goýlanda otlynyň barýan wagtyny ýerli wagtda görkezmekde kynçylyk çekilipdir.

Bu meseläni çözmek üçin ondan öňki ýyllarda-da dürli maslahatlar geçirilýär. 1871-nji ýylda Belgiýanyň Antwerpen şäherinde Halkara geografik maslahaty geçirilýär. 1840-njy ýyllardan başlap, Britaniýada “Great Western Railway” demir ýol kompaniýasy wagt standartyny girizýär. Şol döwürler Poçta edarasy Grinwiçden telegraf arkaly ýurduň köp ýerine sagatlary düzmek üçin signallar ugradýardy.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl nirä, haçan geldi?
Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi
FIFA Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanjak senesini üýtgetdi
Başlangyç meridiany kesgitlemek maslahatlaşylýar
Londonda sürüjisiz jemgyýetçilik ulagy
Rekord bilen gelen ýeňiş