Halkara logistika maslahatynyň netijeleri jemlendi

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işini tamamlady.Onda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal habar berlişi ýaly, bu iri ýöriteleşdirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) tarapyndan “Heavy World” we “Ýük ulag merkezi” kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.

Forum dürli ýurtlardan hünär jemgyýetleriniň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň milli halkara assosiasiýalarynyň, ulag, logistika, ekspeditor, söwda we maslahat berýän şereketleriniň hem-de kompaniýalarynyň wekilleriniň ýüzden gowragyny bir ýere jemläp, dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanmasyny görkezdi, ýurdumyzyň işewürleriniň hem-de olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Maslahatyň esasy meseleleriniň hatarynda Türkmenistanyň ulag düzüminiň kuwwaty, ulaglaryň dürli görnüşleri bilen uly göwrümli we agyr ýükleri Hazar sebitine getirmegiň aýratynlyklary, şolary ýurdumyzyň üsti bilen Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr geçirmek meseleleri bar.

Ilkinji gezek geçirilýän maslahatyň möhüm maksady degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň — demir ýol hem-de awtomobil ulaglary, “Türkmenhowaýollary” gullugy, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy edaralarynyň, şeýle hem ulag hyzmatlarynyň geljekki buýrujylarynyň, ozaly bilen, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda hem-de beýleki pudaklarda, ýük daşaýan hususy düzümleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak bolup durýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ulag hem-de logistika ýaly geljegi uly ulgamda hyzmatdaşlyk köpşahaly we howpsuz halkara ulag düzümini talap edýän dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan ýagdaýynda goşulyşmak işleriniň aýrylmaz şerti bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşiginiň ünsüni şu meselä çekip, degişli başlangyçlary, şol sanda BMG bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde başlangyçlary öňe sürýär.

Ýük daşamalaryň halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan öz çäginde ygtybarly ulag-üstaşyr gatnawlary üpjün edýär.ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär.

Täze howa menzilleri bina edilýär, Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän polat ýollar, awtobanlar we köprüler gurulýar, deňiz we howa ulaglarynyň üsti täze, döwrebap gämiler, demir ýol wagonlary bilen ýetirilýär.

Şunda ýurdumyz ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär, döwletara ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň başyny başlap, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz hem-de Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta hem-de Günorta — Gündogar Aziýany birleşdirýän yklymüsti ugurlaryň möhüm halkasyna öwrülýär.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýolunyň, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýolunyň — Aziýanyň halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň, Amyderýanyň üstünden demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda we beýleki şäherlerde döwrebap howa menzilleriniň ulanmaga berilmegini nazara alanyňda, ýurdumyzyň üstaşyr gatnawlaryň logistikasyndaky mümkinçilikleri aýratyn täsir galdyrýar.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýyl hem ulag ulgamynda iri taslamalara beslendi. Hazaryň kenarynda gurlan Halkara deňiz porty, Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Bu demir ýol Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna we onuň üsti bilen gatnaw ýollarynyň halkara ulgamyna birleşdirdi. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde hem täze howa menzili açyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan, ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de inžener-tehniki pikiriň we iň gowy dünýä tejribesiniň ulanylmagyny ugur edinýär.

Bu maksatnama milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak we eksport kuwwatyny artdyrmak babatda anyk çäreleriň toplumyny, welaýatlarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň önümçiligi boýunça täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegini, bazar gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Ykdysady we durmuş ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga hususy işewürleriň işjeň gatnaşmagy munuň möhüm ugrudyr.

Döredilen wagtyndan geçen 10 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi telekeçileriň 20 müňden gowragyny birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Eger 2008-nji ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň paýy jemi içerki önümçilikde 1 göterimden hem az bolan bolsa, häzir ýangyç-energetika toplumyny nazara almazdan, 65 göterimden gowrak paýa deň boldy.

TSTB-niň agzasy bolan kärhanalara dürli pudaklarda iri sargytlary ýerine ýetirmek — Türkmenabat — Aşgabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny hem-de Gowurdakda kaliý dökünlerini öndürýän kärhanany gurmak ýaly işler ynanyldy.

Umuman, bularyň hemmesi daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda ulag ulgamynda gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “LAM Group of Shipping Companies” (Türkiýe), “Barrus Projects” (Russiýa), “Ýük ulag merkezi” hem-de “Beýik Ýüpek ýoly” (Türkmenistan), “DAI Global” (Gazagystan) ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri öz çykyşlarynda bu ugurda toplan tejribeleri, logistika işlerini hem-de ýollaryny üstünlikli amatlaşdyrmagyň mysallary, ýük daşamak işini ýeňilleşdirýän IT-çözgütleri we beýleki hyzmatlary barada pikir alyşdylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça geljegi uly meýilnamalar, “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň wekilleriniň çykyşlarynda beýan edilen iri senagat toplumlaryny gurmak boýunça amala aşyrylmagy bellenilen taslamalar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Munuň özi kanunalaýyklyk bolup, nebitgaz we himiýa pudaklary elektroenergetika bilen bir hatarda, ulag-ekspeditor işewürligi üçin ösüş nokatlary bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara portunyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Onuň döwrebap düzümi we tehniki üpjünçiligi daşary ýurtlardan gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Maslahat ýokary maglumat üpjünçiligi hem-de oňa gatnaşyjylaryň işjeň gepleşikleri bilen tapawutlandy. Her çykyşdan soň, alyp baryjylar gozgalan meseleleriň iş tejribesi bilen näderejede gabat gelýändigine baha bermek üçin olary ara alyp maslahatlaşmaga wagt berdiler. Maslahatyň çäklerinde çekişmeler we tanyşdyrmalar dowam etdi.

Bu ýere ýygnananlaryň dykgatyna wideorolik hödürlenip, onda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler aýdyň görkezildi.

“Ýük ulag merkezi” ulag-ekspeditor kompaniýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

“HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahata gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, duşuşygyň ajaýyp guralandygy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça netijeli gepleşikleri geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, bu hyzmatdaşlygyň ulag-logistika ulgamynda bar bolan we täze işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etjekdigini bellediler.

Ýene degişli makalalar

03.10.2018 | Halkara logistika maslahatynyň netijeleri jemlendi
19.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
ÝAPONIÝANYŇ KAWASAKI HEAVY INDUSTRIES, LTD. KOMPANIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
Türkmenistan bilen Halkara Energetika Agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Tebigy ýagtylygyň peýdasy