7-nji oktýabrda Х Baku halkara kitap sergisiniň çäginde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň Men aşyk boldum (Я влюбился) atly goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy. Tanyşdyryş dabarasyna edebiýatşynaslar, şahyryň döredijiligini öwrenijiler we okyjylar, şeýle-de žurnalistler gatnaşdylar. Bu barada AZERTAJ habar berýär.
Dabarada Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, şahyr, ýazyjy Farid Guseýn Magtymguly Pyragynyň eseriniň çuň many-mazmuny we olardaky liriki duýgular barada çykyş etdi. Şeýle-de ol şahyryň täze neşire girizilen goşgularyndan käbirlerini okap berdi.
Mundan başga-da, dabarada Türkmenistanyň ilçisi Gurbanmämmet Esenow çykyş edip, şahyryň döredijiliginiň türkmen edebiýatyndaky orny barada gürrüň berdi. Şeýle-de türkmen diplomaty Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda edebiýat we medeniýet ulgamynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.