Halkara jemgyýetçilik ulaglary bileleşigi Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Halkara jemgyýetçilik ulaglary bileleşigi Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Halkara jemgyýetçilik ulaglary bileleşigi Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berýär.

UITP (Union Internationale des Transports Publics) — Halkara jemgyýetçilik ulaglary bileleşigi bolup, ol 1885-nji ýylda esaslandyryldy. 135 ýyldan gowrak taryhy bolan bu bileleşik jemgyýetçilik ulaglaryna ähli gyzyklanýan taraplary hem-de durnukly ulag usullaryny birleşdirýän dünýädäki ýeke-täk ulgamdyr.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi. 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek we onuň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Şol wagt bu topara 11 döwletiň goşulýandygy hasaba alnypdy.

Bu topar BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär. Şonuň bilen birlikde-de, bu topar durnukly ykdysady ösüş goldamak maksady bilen, durnukly ulag ulgamlarynyň ygtybarly, howpsuz we elýeter bolmagyny gazazmak ugrunda hereket edýän meýdança öwrüldi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda Filippinler Respublikasy hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Türkmenistan Hereketleriň Wena Maksatnamasy boýunça duşuşyga gatnaşýar
Türkmenhowaýollarynyň’ işgärleri günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar
Eýran bilen Türkmenistan üstaşyr tarifleriň nyrhlaryny arzanlatmak barada ylalaşdy