Halkara Jemgyýetçiligi Ysraýyla Reaksiýa Bildirmeli

Halkara Jemgyýetçiligi Ysraýyla Reaksiýa Bildirmeli

Prezident R.T.Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Erdogan Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerini giňeldendigini, soňky 2 hepdede Ysraýylyň hüjümlerinde çagalar bilen bilelikde 1000-den gowrak liwanlynyň ýogalandygyny aýtdy.

Häzirki wagtda Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Palestiny we Liwany goldamagyň adamzady, parahatçylygy, bilelikde ýaşama medeniýetine eýe çykmaklygy aňladýandygyna ünsi çeken Erdogan; “Gazadaky, Günbatar Şeriadaky, Liwandaky zuluma esasy garşylygy musulman ýurtlary görkezmeli. Musulmanlar zulumyň öňüni almakda bütin dünýä görelde bolmaly” diýdi.

Ysraýylyň hüjümleri bilen bagly esasy meseläniň musulman dünýäsiniň çemeleşmesidigine ünsi çekip; “Gözüne gan we ýigrenç dolan bir owuç radikal sionist, sebitimizi we bütin dünýäni oda berýär.Biz bu zuluma, bu wagşyçylyga hiç haçan razylyk bermeris.

Halkara jemgyýetçiligi Ysraýylyň bu eden-etdiligine mundan artyk geçirimlillik etmeli däl” diýen Erdogan: “Musulman, Musaýy, hristian tapawudyna garanazdan sebitimizdäki her adamyň asudalygy üçin halkara jemgyýetçiligini we musulman dünýäsini işe girişmäge çagyrýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny