Halkara internet olimpiadasy geçiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim pudagynda hem ägirt uly ösüşler gazanylýar.Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.Esasan hem, sanly bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär.

Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barlyp, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär.Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim has-da ösdürilýär, bilim portallary hereket edýär. 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa boýunça III halkara internet olimpiadasy geçiriler.

Olimpiada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri gatnaşarlar.Olimpiada häzirki zaman ylmy we amaly wezipeleri seljermäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-amaly maglumatlary, ylym we tehnika ulgamynda tejribeleri özara alyşmak, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, professorlarynyň, mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlarda tebigy ylymlary öwrenmäge, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nazaryýet meselelerini çözmäge gyzyklanma döretmek, talyplary hünäre ugrukdyrmak hem-de olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek olimpiadanyň wezipelerine girýär.

Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir.Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitabynda ýaş alymlar, ýaşlaryň ylym-bilime bolan mümkinçilikleri çuňňur garaýyşlar bilen beýan edilýär.

Ylym-bilimi ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitabynda şeýle belleýär: Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür.Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar. Şunda aýdyň maksatlary we meýilnamalary özlerine ýörelge edinen ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gazanýan döredijilik üstünlikleri, ylmy açyşlary döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, geljegimiziň berk binýady bilimli ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dünýä ylmynyň gazanan iň döwrebap usullary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem biz bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar.

Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.Berkarar Watanymyzda biz mugallymlar üçin şeýle mümkinçilikleri döredip, milli bilim ulgamyny ösüşleriň belent sepgitlerine ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!

Rustam BAÝRAMGELDIÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_672f511a21dfa_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f511a21dfa_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Döwrebap hukuk özgertmeleri amala aşyrylýar
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
TDLU-nyň ylmy-elektron žurnaly dörediler