Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan Saglyk Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeler, ýagny keselleriň öňüni almak, ömrüň ortaça dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak wezipeleri täze öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralaryny gurmak, derman senagatyny ösdürmek, şypahana ulgamyny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek arkaly netijeli durmuşa ornaşdyryldy.
Maksatnama saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä çykarmaga we milli saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelmeginiň esasy bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmak amala aşyrylyp, saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Dünýäniň lukmançylyk ylmynyň gazananlary näçe uly bolsa-da, adamyň saglygyny gowulandyrmak ýaly jogapkärli işde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy degişli hünärmenleriň ýokary hünär derejesini talap edýär. Hut işgärleri taýýarlamak, ýurdumyzda edilýän döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Milli Liderimiz bu ugurlara aýratyn üns berýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde daşary ýurtlar bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Saglygy goraýyş boýunça bu hyzmatdaşlyk Germaniýa, Ýaponiýa, Awstriýa, ABŞ, Koreýa Respublikasy, Russiýa, Belarus, Türkiýe we beýleki döwletler bilen ýola goýlup, barha giňeldilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurtlara bolan döwlet, resmi we iş saparlarynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň arasynda saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk hem ilkinjileriň hatarynda durýar we hyzmatdaşlygyň has-da giňemegine itergi berýär.
2015-nji ýylda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze sepgitleri kesgitlenildi, hususan-da, dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylýan üstünlikleri milli lukmançylygymyza ornaşdyrmak, dünýäniň abraýly halkara guramalary we daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamy bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga uly üns berildi. Şunda milli Liderimiz hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary hilli hem-de raýatlarymyz üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmegi bu giň möçberli işiň esasy ugurlary hökmünde öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen saglygy goraýyş ugurlary boýunça Germaniýa bilen halkara hyzmatdaşlygyň berk düýbi tutuldy we häzirki döwürde öz netijeli miwelerini berýär.Hünärmenleriň ikitaraplaýyn tejribe alyşmagy netijesinde täze anyklaýyş, bejeriş we az şikesli endoskopiki hirurgiki bejeriş usullary lukmançylyk amalyna ornaşdyryldy.
GFR-iň tejribeli hünärmenler gullugynyň bilermenleriniň hem-de Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynyň hünärmenleriniň, professorlarynyň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahatlar we okuw sapaklary geçirilýär.Hünär kämilleşdirmek işleri barha giňeýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Drager”, “Fresenius”, “Siemens” nemes kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde döwletimizde täze gurulýan we durky täzelenýän bejeriş-öňüni alyş edaralary Germaniýa Federatiw Respublikasynda öndürilýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Şol sanda böwrek ýetmezçiligi bolan näsaglar üçin döwrebap enjamlar, Gaýragoýulmasyz tiz kömek gullugynyň işini kämilleşdirýän enjamlar we ähli amatlyklary bolan awtoulaglar üns merkezinde durýar.
Lukmançylykda has derwaýys meseleleri ýüze çykarmaga, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik beren ikitaraplaýyn forumlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlarynyň biri boldy. Netijede, saglygy goraýşyň global meseleleri öwrenilip, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleriň işlenilmegi ýola goýuldy. Forumlaryň yzygiderli iki döwletde gezekleýin geçirilmegi däbe öwrüldi.
I türkmen-german forumy 2011-nji ýylyň 21 — 22-nji noýabrynda GFR-iň Mýunhen şäheriniň Grosshaderndäki Maksimilian-Lýudwig adyndaky uniwersitetiniň klinikasynda geçirildi. Şonda saglygy goraýyşda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk ugurlary kesgitleýän Ähtnama gol çekildi.
II türkmen-german forumy 2012-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanda geçdi. Maslahatda iki ýurduň saglygy goraýyş birleşikleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça bellenilen çäreleri durmuşa geçirmäge itergi berdi.
III türkmen-german forumy 2013-nji ýylyň 22-nji fewralynda Germaniýanyň Berlin şäherindäki Robert Koh adyndaky institutda geçirildi. Saglygy goraýyş boýunça ikitaraplaýyn netijeli türkmen-german gatnaşyklaryň çäklerinde türkmen lukmanlarynyň hünär kämilleşdiriş meseleleri öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň lukmançylyk ylmyny kämilleşdirmek maksatly täze saglygy goraýyş edaralary gurmak babatynda Germaniýanyň önüm öndüriji işewürleri bilen maslahatlar geçirildi.
IV türkmen-german forumy 2014-nji ýylyň 30-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirildi.Onda Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynda geçýän hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň netijeliligine baha berildi, dünýäde şu günki gün derwaýys mesele bolan antibakterial derman serişdelere durnuklylygyň meselelerine seredildi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde duran esasy meseleleriň biri bolan lukmançylyk hyzmatlarynyň hil kepili barada tegelek stoluň başynda germaniýaly alymlar bilen maslahatlar geçirildi.Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralaryna bildirýän esasy talaby bolup durýar.
Nobatdaky, V türkmen-german forumy 2015-nji ýylyň 5 — 6-njy noýabrynda Germaniýanyň Murnau şäherinde geçirildi.Onuň işiniň barşynda hassahana içki ýokançlaryň ýaýramaklygynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek, çaga onkologiýasynda leýkemiýanyň meseleleri, süýjüli diabet keselinde berilýän kömegiň hili, ýanyk şikesleri bejermegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanda täze saglygy goraýyş edaralaryny, hassahanalary gurmak meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Nemes wekilleri tarapyndan Germaniýanyň Murnau şäherinde Trawmatologiýa merkeziniň işiniň mysalynda gaýragoýulmasyz berilýän kömegi, trawmatologiýada we ýangyndan ejir çeken näsaglara kömek bermek meseleleri barada pikir alşyldy. 20 ýylyň dowamynda arkalaşykly hyzmatdaşlykda kardiologiýanyň we çaga onkologiýasynyň belli bir ugurlarynda ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler giňişleýin beýan edildi.
Nobatdaky, VI türkmen-german forumy 2016-njy ýylyň 4 — 5-nji noýabrynda ýurdumyzda geçirildi. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmegiň ugurlary kesgitlenildi. Iki ýurduň hünärmen alymlary süýjüli diabetiň, gematologiýanyň, çaga onkologiýasynyň, endokrinologiýanyň, madda alyş-çalşygynyň, lukmançylygyň dürli ugurlarynda antibakterial serişdelere durnuklylygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi açyldy.Bu dabara nemes professorlary we hünärmenleri çagyryldy.
Olar täze merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler.Munuň özi forum döwründe ara alnyp maslahatlaşylýan teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy boldy.Geçen ýylyň dowamynda ilata saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýetirmek üçin GFR-den jemi 90-a golaý professorlar we görnükli lukmanlar, şol sanda hünärmenleriň 30-dan gowragy tejribeli hünärmenler gullugy guramasyndan ýurdumyza geldi.
Fizioterapewt hünärmenleri taýýarlaýan ýörite orta okuw mekdebini döretmek meselelerini öwrenmek üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň wekillerinden, tejribeli hünärmenlerden, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we I.Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlaryndan ybarat bilelikdäki pudagara iş topary döredildi. Toparyň üç sany mejlisi geçirilip, degişli teklipler taýýarlanyldy.
2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna lukmançylyk hyzmatyny etmek üçin nemes lukmanlarynyň 30-a golaýy geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öz işine başlan saglygy goraýyş ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlyk 2018-nji “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem barha giňeýär.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrligi bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2018-nji ýylyň 5 — 6-njy marty aralygynda Berlin şäherinde geçirilen nobatdaky VII türkmen-german forumy hem netijeli boldy.
Maslahatyň gün tertibinde iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler we göz öňünde tutulýan işler ara alyp maslahatlaşyldy.
Ortopediýanyň häzirki zaman meselelerine, çaga ortopediýasyna, ortopediýa ulgamynda ulanylýan täze tehnologiýalara, fizioterapiýa aýratyn üns berildi. Şeýle hem lukmançylyk tejribesine keseli anyklamagyň, bejermegiň we dikeltmegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, näsaglaryň durnukly işe ukypsyzlygynyň öňüni almak we şeýlelik bilen lukmançylyk, ykdysady, durmuş netijeliligini gazanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
VII türkmen-german forumy iki ýurduň ylmy we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda işjeň gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini görkezdi, olaryň anyk netijelere meýillidigini tassyklady we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde türkmen-german hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak maksadynda özara gatnaşyklaryň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi türkmen saglygy goraýyş ulgamynda üstünlikleri gazanmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam etdi.
Bu hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň lukmançylygyny ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.
Munuň özi işiň ylmy tarapyna we lukmançylyk tejribesine, guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn ugurlaryna degişlidir. Tutuş işiň netijeliligi hut oňyn çözgütlere baglydyr. Aşgabatda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasy, Halkara newrologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi gurlanda, nemes professorlarynyň maslahatlary göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem saglygy goraýyş meseleleri boýunça Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we ösdürilýär. 2015-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ýaponiýanyň “Medical Excellence Japan (MEJ) guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Ýaponiýanyň öňdebaryjy “Toshiba Medikal” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we şu wagta çenli bu kompaniýanyň öndürýän rentgen, ultrases barlag enjamlarynyň hem-de Ýaponiýanyň “Olympus”, “Pentax” we “Fujinon” kompaniýalarynyň endoskopiýa enjamlarynyň onlarçasy Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan we durky täzelenýän saglygy goraýyş edaralaryna ornaşdyryldy. Ýaponiýanyň derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri öndürýän kompaniýalary bilen işler alnyp barylýar.
Her ýyl Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça geçirilýän halkara sergilere, ylmy-amaly maslahatlara, konferensiýalara ýaponiýaly hünärmenler hem gatnaşýarlar. Ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Ýaponiýanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini öwrenmek we tejribe alyşmak boýunça türkmen hünärmenlerinden düzülen topar bu ýurduň öňdebaryjy klinikalarynda iş saparlarynda bolup, hünär kämilligini artdyrdylar we bu ugurda işler dowam edýär.
Netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýene bir mysaly türkmen-awstriýa bilelikdäki iş toparyň işidir. Bu topar döräli bäri 9 sany maslahat Türkmenistan bilen Awstriýada gezekleşip geçirildi. Yzygiderli duşuşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge we hyzmatdaşlygyň täze derejelerine çykmaga ýardam berýär. Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hereket edýän bilelikdäki toparyň maslahatlarynyň çäklerinde saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyga hem uly üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow lukmançylyk babatdaky hyzmatdaşlygyň Awstriýa ugruna hem uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň halkara lukmançylyk merkezleriniň degişli hassahanalarynda we ýurdumyzyň beýleki öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralarynda Awstriýanyň Askin&Co, Hospitalia International, VAMED Engineering kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy mysal bolup durýar. Awstriýanyň bu önüm öndürijileri saglygy goraýyş enjamlaryny ornaşdyrmak we olara yzygiderli hyzmat etmek, hünärmenleri taýýarlamak barada işleri alyp barýarlar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, telelukmançylyk, döwrüň talaplaryna jogap berýän okatmak usullary ornaşdyrylýar. Bu bolsa kämil hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Saglygy goraýyş boýunça ösen ýurtlar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meseleleriniň biri-de bu telelukmançylyk, telemaslahatlar, daşky aragatnaşykda okatmak ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak meselesidir.
Şeýlelikde, hökümetara düzümleriniň, aýry-aýry pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de edaralaryň hünärmenleriniň derejesinde lukmançylyk ylmynyň we tejribesiniň wajyp meselelerini çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegi bu hyzmatdaşlyga gatnaşýanlaryň ählisine bilelikdäki ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýän köpugurly işiň möhüm bölegidir.Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň abadançylygyny baş wezipe hökmünde kesgitledi.
Halkymyzyň saglygy bolsa ýurdumyzyň baýlygydyr.