Halkara hukuk kompaniýasy: Türkmenistanyň nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda

“CIS Debt Recovery Solutions” hukuk kompaniýasy noýabrda “Türkmennebit” döwlet konserniniň öz hyzmatdaşlarynyň öňünde $8,5 million möçberinde şu wagta çenli töläp bilmedik bergisiniň bardygyny yglan etdi.

“CIS Debt Recovery Solutions” kompaniýasynyň uly maliýe geňeşçisi Taras Kopiý bu ýagdaý barada “Türkmenistanyň Hronikasyna” düşündiriş berdi. Ol “Türkmennebit” we Türkmengaz” döwlet konsernleriniň bütün dünýädäki hyzmatdaşlaryna bergileriniň bardygyny gürrüň berdi.

TH: Hyzmatdaşlarynyň biriniň öňündäki bergisi barada maglumat çap edileninden soň “Türkmennebit” tarapyndan haýsam bolsa bir reaksiýa boldumy?

T.Kopiý: Gynansak-da, “Türkmennebit” hatda bergileri barada maglumat çap edileninden soň hem biziň talaplarymyzy görmezlige salýar, ýogsa, olar döwlet korporasiýasy hökmünde ýüz tutmalaryň ählisine jogap bermeli.

Soňky üç aýyň dowamynda biz olardan diňe bir gezek hat aldyk.Olar bu hatyň ikinji sahypasyny goşmagy unudypdyrlar.Biz şondan soňky bir hepdäniň dowamynda dokumenti dolulygyna almaga çalyşdyk.

Türkmen döwlet konserniniň wekilleri aragatnaşyga çykmakdan ýüz öwrensoňlar, hut şu ýagdaý sebäpli hem biz bu maglumatlaryň üstüni açmak hem-de “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge ymtylýan potensial kontragentleri habarly etmek kararyna geldik.

2017-nji ýylyň aprelinde “Türkmengazyň” hytaý kompaniýalarynyň birine iberen lokomotiwleri üçin bergisini üzmegi baradaky meseläni çözmek başardansoň, bize türkmen döwlet konsernlerinden alyp bilmeýän algylaryny almaga kömek etmek haýyşy bilen Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan we başga ýurtlardan bir topar kompaniýa ýüz tutdy.

Biziň alan maglumatlarymyza görä, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” konsernleriniň degişlilikde $10 million we $15 million bergileri bar. Bu biziň öwrenen maliýe dokumentlerimiz arkaly anyk bilýän bergilerimiz. Türkmenistanyň tutuş nebit-gaz pudagy defolt ýagdaýynda we belki-de, tölenmeli bergiler biziň bilýänimizden has kän.

Biz bu maglumaty (hatlaryň nusgasy aşakda getirilýär) Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň ählisine iberdik. Şeýle-de biz bu maglumatlary her bir ilçihananyň ýanyndaky söwda-ykdysady departamentleriniň dykgatyna ýetirýäris.

Bize eýýäm ilçihanalaryň wekillerinden hem köp jaň gelýär. Olar ýagdaýy has anyk düşündirmegi haýyş edýärler. Şeýle-de olar bu maglumatlary başga gyzyklanýan şahslara we kompaniýalara geçirmekleri üçin rugsat bermegimizi soraýarlar. Mysal üçin, bize ABŞ-dan ýarygije bolmagyna garamazdan, örän basym telefon etdiler.

Şeýle-de, Ýaponiýanyň ilçihanasy hem alan maglumatlaryna gyzyklanma bildirdi. Şu günler Aşgabatda ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň daşary iş bankynyň başlygynyň duşuşygy bolmaly. Meniň pikirimçe, gürrüň bergiler barada bolar we biziň maglumatlarymyz hem gepleşiklerde peýdalanylsa gerek.

TH: “Türkmengaz” hytaýly potratçylara lokomotiw bergisi işinden soň nähilidir bir netije çykarmaly boldumy?

T.Kopiý: Hytaý kompaniýalarynyň eksport ylalaşyklary Hytaýyň döwlet ätiýaçlandyryş konserni tarapyndan ätiýaçlandyrylýar we şonuň bilen işleşdik. “Türkmengaz” bergisini bermänsoň, ätiýaçlandyryş konserni bu işe goşulmaly we berginiň üzülmegini talap etmeli boldy. Sebäbi, ol üpjünçä ätiýaçlandyryş kompensasiýasyny tölemelidi.

Bu ätiýaçlandyryş kompaniýasy Hytaý bilen baglaşylýan eksport ylalaşyklarynyň ählisi, 95-99 prosenti bilen işleşýär we degişlilikde ähli importçylaryň kredit reýtingini ýöredýär, hasabyny alyp barýar. Bu eger-de üpjünçä öňünden tölemek talaby bilen tabşyryk gelse, onuň hemişe ätiýaçlandyryş kompaniýasyna ýüz tutup, importçynyň ynamdarlygyny we onuň kredit taryhyny, bergileriniň, maliýe kynçylyklarynyň we beýlekileriň bardygyny anyklap biljekdigini aňladýar.

Bu ätiýaçlandyryş kompaniýasy biziň müşderimiz. Biz onuň üsti bilen “Türkmennebitiň” hytaý kompaniýalarynyň öňünde ýene-de $6 million bergisiniň bardygyny, “Türkmengaza” garşy ýene üç işiň açykdygyny anykladyk. Emma, soňky işler boýunça bergileriň möçberini entek bilmeýäris. Bu “Türkmennebit” we “Türkmengaz” konsernleriniň ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň bazasyndaky reýtinginiň nola deňdigini aňladýar.

Şu günki günde bu kompaniýalar Hytaýdan haryt we hyzmatlary diňe 100% öňünden bahasyny tölemek bilen sorap bilýärler. Bu biznese örän çynlakaý zarba bolup biler. Adatça, öňünden 30% tölenýär, soňra ýarym ýylyň dowamynda galan 70% tölenýär. Türkmen kompaniýalary üçin munuň ýaly mümkinçilik eýýäm, pesinden bir ýyl bäri ýapyk.

TH: Ýakynda “Türkmengazyň” Eýranyň milli gaz kompaniýasy (EMGK) bilen sudlaşjakdygy resmi taýdan yglan edildi.Türkmen tarapy $1,8 milliard möçberinde algysyny “almaga” çalyşýar.Bu siziň soňky aýlardaky aktiwligiňiz bilen bagly bolup bilermi? “Türkmengaz” şeýle usulda pul alyp, potratçylary bilen hasaplaşmakçy bolýan bolmasyn?

Sebäbi, owal gaz konserniniň Eýrandan pul alyp, bergisini bermäge çalyşýandygy hakynda gürrüň edildi.

T.Kopiý: Eýran bilen sudlaşmak hakynda biziň müşderimiz şulary aýtdy. Olar haryt berdiler, emma onuň puluny henizem almadylar. Bir ýylyň dowamynda olardan hemişe garaşmagy haýyş etdiler. Emma, müşderimiz erjellik bilen talap edenden soň, türkmen tarapy eýranlylar bilen bagly shemany teklip etdi, ýagny olaryň “Türkmengazyň” öňündäki bergisiniň hasabyna biziň müşderimiziň puluny bermelidigini aýtdy.

Eýranlylar başda pul tölemek bilen ylalaşdylar. Emma, soňra bu ylalaşykdan ýüz öwürdiler. Soňra EMGK-a “Türkmennebitden” telefon edip, bergini tölemegi gadagan edendikleri anyklandy. Elbetde,”Türkmennebit” bularyň ählisini ret etdi we munuň düşünişmezlik bolandygyny, müşderiniň ýälňyş düşünendigini öňe sürdi.

Bellemek gerek, biziň kompaniýamyz “Türkmennebitiň” maliýe direktoryna olaryň “Türkmengazdaky” kärdeşleriniň biziň müşderimiz I.C. Intercomplect Ltd-ä 8,5 million dollar begirisini üzmegini teklip etdi. Emma, olar bize “Türkmengaz” aýrybaşga kompaniýa we olar “Türkmennebit” üçin töleg edip bilenok diýip jogap berdiler. Şol bir wagtda, “Türkmennebitiň” wekilini Eýranyň Milli gaz kompaniýasyndan pul almak utandyrmaýar.

Umuman alnanda bolsa, men bu sudlaşmagyň esasy sebäbi bergileri üzmek üçin pul almak islegi bilen bagly diýip hasaplaýaryn. Ýöne, bu sud bolman hem biler. Belki-de bu döwlet býujetini doldurmak synanyşygydyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmennebit’ $8,5 million bergisini indi dört ýyl bäri 'tölemeýär'
"Türkmennebit" pul töläp biljek ýagdaýda däldigini 'aýdýar'
​​“Türkmennebit” bäş ýyl bäri kiprli partnýorynyň öňündäki bergisini üzmän gelýär
Berdimuhamedow işe girizilmeli wagty yza çeken Owadandepedäki benzin zawodynda işleriň barşy bilen tanyşdy
CIS Debt Recovery Solutions: Türkmengaz’ bilen Türkmennebitiň’ kredit reýtinginiň gutarandygyny bildik
Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy