Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi

Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi

18-nji iýulda halkara jemgyýetinde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmet barada habarlylygy artdyrmak hakynda webinar geçirildi. "Türkmen pagta hasylynda döwlet tarapyndan mejbury zähmet we global üpjünçilik zynjyrlarynda mejbury zähmet esasynda öndürilen türkmen pagtasynyň töwekgelçiligi" atly webinar "Halkara pagta kampaniýasy" (Cotton campaign), şol sanda "turkmen.news" we"Türkmenistanyň Hronikasy" neşirleri tarapyndan guramalaşdyryldy.

"Raýat jemgyýetçiliginiň gözegçilikleri, 2021-nji ýylda türkmen hökümetiniň ýene-de on müňlerçe býujet işgärini pagta ýygmaga ýa alternatiwa hökmünde pul tölemäge ýa-da başga bir işçini hakyna tutmaga mejbur edendigini görkezýär. Muny berjaý etmeýän her bir adam zähmet hakynyň tölenmezligi we işden çykarylmak ýaly haýbatlar bilen ýüzbe-ýüz boldy" diýlip, webinarda aýdyldy.

Bir ýarym sagat dowam eden webinarda türkmen hökümetiniň pagta önümçiligine doly gözegçilik edýändigi we daýhanlary ýerlerini ýitirmek ýaly haýbatlar astynda resmi önümçilik kwotalaryny ýerine ýetirmäge mejbur edýändigi hem bellenildi.

Şeýle-de, onda Türkmenistanyň hökümetiniň raýat jemgyýetiniň ähli ugurlaryna gözegçilik edýändigine üns çekilip, bu pudakdaky hukuk bozulmalar barada habar berýänlere garşy berk çäre görýändigi hem nygtaldy.

"Pagta kampaniýasy türkmen häkimiýetleri bilen birnäçe gezek işleşmäge synanyşdy, ýöne türkmen hökümeti gepleşikleriň gapysyny ýapyp, mejbury zähmet meselesini inkär etmegi dowam etdirýär" diýlip, Halkara pagta kampaniýasy aýtdy.

Türkmenistanda mejbury zähmetiň soňuna çykmak ugrunda tagalla edýän bu kampaniýa häzirki wagtda öz tagallalarynyň halkara jemgyýetçiligine gönükdirilýändigini hem belledi.

Azatlyk Radiosy bu webinaryň guramaçylaryndan biri, "turkmen.news" neşiriniň baş redaktory Ruslan Mýatiýew bilen söhbetdeş boldy. Mýatiýew webinaryň esasy maksadynyň halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmet barada habarly etmekden ybaratdygyny aýdýar.

"Türkmenistan öz pagtasyny we tekstil önümlerini daşary ýurt bazarlaryna satjak bolýar we satýar.Mysal üçin, Ýewropa Bileleşigindäki Portugaliýa türkmen pagtasyny iň köp satyn alýan ýurt bolup durýar.

Olaryň arasynda Ispaniýa, Polşa we Germaniýa hem bar.Biz şol ýurtlaryň wekillerini ýygnap, olara şeýle problemanyň bardygyny aýtjak bolýarys. Ýurduň içinde her ýylyň güýz aýlarynda müňlerçe býujet işgäri kösenip ýör.

Olardan ýa pul talap edilýär, ýa-da mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna iberilýär we ýygmasaňyz, işiňizden çykarylarsyňyz diýilýär.Bu 21-nji asyrda göz öňüňe gelmejek zat.Biz şu meseläni halkara jemgyýetçiligine eşitdirjek bolýarys" diýip, Mýatiýew belledi.

Şeýle-de, ol öz tagallalarynyň türkmen hökümetine edilýän ykdysady basyşy ýokarlandyrmaga we ýurt resmileriniň bu pudakda mejbury zähmeti ýok etmek üçin reformalary geçirmegini gazanmaga gönükdirilendigini hem nygtaýar.

Ol häzirki wagtda muny türkmen pagta önümleriniň halkara bazarlaryna çykarylmagyny çäklendirmek arkaly, halkara jemgyýetçiliginiň, hökümetleriň we tekstil kampaniýalarynyň we olaryň anyk edip biljek çäreleriniň üsti bilen gazanmaga çalyşýandyklaryny aýdýar.

"Brendler barada gürrüň etsek, mysal üçin, olar Türkiýeden nah ýa-da taýyn mata alýarlar.Olar hem şol matadan Italiýada ýa Portugaliýada köýnek öndürýärler. Ýöne şol matanyň arkasyny bilenoklar. Şu matany öndürmek üçin onuň pagtasy nireden geldi?

Biziň esasy çagyryşymyz şolary bilmekden ybarat.Biz olara "Türkiýäniň fabrikalaryna baryp gyzyklanyp görüň. Şol pagtaňyz nireden geldi?Türkmenistandanmy ýa başga ýerden geldimi?" diýip, gyzyklanyp görüň diýýäris" diýip, Mýatiýew belledi.

Halkara guramalary Türkmenistanyň öz içinde öndüren pagtasyny Türkiýäniň üstünden dünýä bazaryna çykarýandygyny öň habar beripdiler. Dünýäde gulçulyga we mejbury zähmete garşy iş alyp barýan "Anti-Slavery International" hukuk goraýjy guramasynyň 2019-njy ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýändigi habar berlipdi.

Mýatiýew indi 10 ýyla golaý wagt bäri alyp barýan kampaniýalarynyň çäginde käbir oňyn netijeleriň hem gazanylandygyny, häzire çenli 140 sany dünýä brendiniň we bölek satyjynyň öz önümlerinde türkmen pagtasyny ulanmazlygy wada berýän kampaniýa gol goýandygyny hem aýtdy. Kompaniýalar bu wadalarynyň türkmen hökümeti ýurduň pagta pudagynda mejbury zähmeti bes edýänçä dowam etjekdigini belleýärler.

Kampaniýa gol goýanlaryň arasynda "Adidas", "Alexander McQueen", "Balenciaga", "Bottega Veneta", "Boucheron", "Burberry", "Gap Inc.", "Gucci" we "Nike, Inc." ýaly global markalar bar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edip gelýärler. Türkmenistan öz adyna edilýän bu tankytlara resmi derejede reaksiýa görkezmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
Meriç Sümen
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Daşary ýurt metbugatyna syn