“Halkara Gatnaw Logistika” hojalyk jemgyýeti (HGL) ýük daşamak boýunça üpjünçilik zynjyrlaryny gowulandyrmak üçin 5PL ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň hünärmeni çarşenbe güni “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň we serginiň dowamynda ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasynyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, 5PL ulgamy ýa-da ýönekeý sözler bilen aýdylanda "zawoddan müşderä" gije-gündiziň dowamynda sanly ulgam arkaly ýüki yzarlamaga we ýüküň saklanyş şertlerini wideo arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň işiniň esasy görnüşi demir ýol arkaly daşaýyş pudagynda ulag-ekspeditorlyk hyzmatyny amala aşyrmak bolup, ol multimodal ýük daşmalaryny hem ýerine ýetirýär.
Mundan başga-da, kompaniýa sanly ulgam arkaly ýükleri yzarlamak we ulag serişdelerine gözegçilik etmek hyzmatlaryny hem hödürleýär. Şeýle-de, ýörite işlenip düzülen “ZamTek” programmasy müşderä ýüküň ýerleşişini we saklanyş ýagdaýyny yzarlamaga şert döredýär.
“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasynyň ulaglary Ýewropanyň yzarlaýyş enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylandyr we ýük daşamak üçin niýetlenilen ulaglaryň 10 ýyl hyzmat etmegi göz öňünde tutulýar.
Kompaniýa Balkan welaýatynyň Bereket menzilinde ýükleme-düşürme işleri we ýükleriň saklanmagy üçin umumy meýdany 22 gektar bolan ammarlar toplumyny gurmagy meýilleşdirýär.
“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasy 2021-nji ýylda esaslandyrylyp, ol Ahal welaýatynyň Sarahs şäherinde ýerleşýär. Kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň we “Türkmen Logistika” Milli assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.